Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krym: “Rus güýçleri” aeroporty eýelediler


Simferopolyň aeroprotyndaky ýaragly adamlar. 28-nji fewral.
Simferopolyň aeroprotyndaky ýaragly adamlar. 28-nji fewral.
Ukrainanyň täze içeri işler ministri Russiýanyň harby-deňiz güýçleriniň esgerleriniň Krymyň Sewastopol aeroportyny eýeländiklerini habar berýär. Gelip gowşan käbir beýleki maglumatlarda rus harbylarynyň Krym ýarym adasynyň regional paýtagty Simferopolyň aeroprotynyň gözegçiligini hem öz ellerine alandyklary aýdylýar.

Arsen Awakow aeroportyň eýelenmegini “harby interwensiýa we okkupasiýa” diýip atlandyrdy.

Russiýanyň Stawropoldaky Gara deňiz floty öz harby düzüminiň şäheriň aeroprotyny eýelemäge ýa-da ýoluny beklemäge gatnaşmandygyny aýdýar.

"Çagyryş"

Bu aralykda Ukrainanyň parlamenti Moskwa ýüzlenip, ýurduň özygtyýarlylygyny bozup biljek islendik hereketlerden gaça durmaga çagyrdy. Parlament ABŞ-dan, Britaniýadan we Russiýadan Ukrainanyň 1994-nji ýylda gol çekilen memorandumy esasynda kesgitlenen territorial çäklerini ykrar etmegi sorady.

Şeýle-de ukrain parlamenti dörän bu krizisi maslahatlaşmak üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň çagyrylmagyny haýyş edip, BMG-ä ýüzlendi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri penşenbe güni çykyş edip, ähli taraplary “prowokasiýalardan saklanmaga” çagyrdy. Ol özüniň rus kärdeşi Sergeý Lawrowdan Russiýanyň Ukrainanyň terrirtorial bütewüligini sylajakdygy barada ynandyrma alandygyny hem sözüne goşdy.

Dartgynlylyk

Moskwanyň tarapdary bolan prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýetden agdarylmagy bilen, etniki ruslaryň köplük bolup ýaşaýan sebiti Krymda dartgynlylyklar başlandy.

Penşenbe güni ýüzi örtgüli ýaragly adamlar Simferopolyň regional parlamentini we beýleki hökümet binalaryny eýeläp, olaryň depesinde Russiýanyň baýdagyny dikdiler.

Mundan biraz soň, Krymyň parlamenti sebitiň awtonomiýasy meselesi boýunça 25-nji maýda referendumyň geçiriljekdini yglan etdi.

Anna güni irden Simferopolyň aeroportyny eýelemäge hemeýat berdim diýýän bir adamyň sözlerinden çen tutulsa, olar muny Kiýewden “radikallar” diýip häsiýetlendiren adamlarynyň Kryma gelmeginiň öňüni almak üçin edipdirler.

Ol: “Biz oduň Krymda tutaşmagynyň öňüni almak üçin, bu inisiatiwa bilen çykyş etdik. Biz Krymda faşizmi islämzok. Biz Krymda asudalygy isleýäris” diýdi.

Parlamentiň ädimleri

Penşenbe güni Krymyň kanunçykaryjylary häzirki hökümeti dargatdylar we özlerine täze premýer-ministr saýladylar. Sergeý Aksýonow anna güni çykyş edip, Ýanukowiçi heniz hem ýurduň kanuny prezidenti hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

“Köpçülikleýin adam öldürmekde” aýyplanýan Ýanukowiç häzirki wagtda Ukrainanyň täze häkimiýetleriniň buýrugy boýunça ýurduň hukuk goraýjy edralary tarapyndan jenaýatkär hökmünde gözlenilýär.
XS
SM
MD
LG