Sepleriň elýeterliligi

Krym – gaýnaýan gazan


Simferepolyň köçelerindäki harbylar. Krym, 28-nji fewral, 2014.

Simferepolyň köçelerindäki harbylar. Krym, 28-nji fewral, 2014.

Ukrainada bu hepdäniň dowamynda etniki orslar bilen krym tatarlarynyň arasynda dartgynlylyk möwjedi. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Robert Koalson hepdäniň başynda Krymda bolup geldi we gören-eşidenleri barada giňişleýin habar berýär.

Bu hepde Krymda bolup geçen oňşuksyzlygyň boljagy öňündenem bellidi.

Ol ýerde ýaşaýan etniki orslar Moskwa bilen integrasiýa oňyn garaýarlar, krym tatarlary bolsa Ukrainany gowy görýärler. Bu hakykat Gara deňiz ýarymadasynda eýýäm çärýek asyrdan bäri bar bolan taryhy reallykdyr.

“Krymyň hiç kimiňkä meňzemeýän kynçylykly geçmişi krym tatarlarynyň ýüreklerine howsala salýar” diýip, Kiýewdäki Ýakyn Gündogary öwreniş merkeziniň başlygy Igor Semiwolow gürrüň berýär:

“Krymlylar orsça gepleýän adamlardan, has takygy kazaklardan çekinýärler. Häzirki syýasy ynjalykly şertlerde döreýän toparlar hem olary biynjalyk edýär. Tatarlar şu toparlara howp hökmünde garaýarlar. Bu howp “fiziki howpy” hem öz içine alýar”.


Şol bir wagtyň özünde Semiwolow Krymda ýaşaýan ruslaryň hem özlerini öz ene topraklaryndan “üzňeleşdirilen” ýaly duýýandyklaryny aýdýar. Ýakyn Gündogary öwreniş merkeziniň tassyklamagyna görä, Krymda ýaşaýan orslar ukrain we tatar milletçiliginiň öz medeniýetlerini gysýandygyndan şikaýat edýärler.

"Meniň pikirimçe, orslar hem krym tatarlarynyň ähli hereketlerine özlerine edilen hüjüm hökmünde garaýarlar. Bu açyk “çaknyşyk ýagdaýydyr”, sebäbi iki tarap hem özlerini goraýandyryn diýip pikir edýär”.

Arabanyň jygyldysy

26-njy fewralda Simferopolda tatarlar regional parlamenti basyp aldylar. Şondan soň Kreml hem araçäkde harby türgenleşigi başlatdy. Ertesi güni eli ýaragly “moskwaçylar” hökümet binalaryny eýelediler we binalarda ors baýdagyny dikdiler.

Arabanyň jygyldysy şu aýyň başynda eşidilip ugrapdy. Haçan-da şu aýyň başlarynda bu ýarymada baranymda, Wiktor Ýanukowiçiň wezipeden gitmegi bilen etniki orslaryň arasynda çaknyşyklaryň boljakdygy duýulýardy.

Rifat Çubarov (ortada), Krym tatarlarynyü milli Mejlisiniň agzalary Tatarystanyň parlamentinde maslahat etdiler. Simferopol, 28-nji fewral, 2014

Rifat Çubarov (ortada), Krym tatarlarynyü milli Mejlisiniň agzalary Tatarystanyň parlamentinde maslahat etdiler. Simferopol, 28-nji fewral, 2014

Tatar mejlisiniň başlygy we Krym parlamentiniň deputaty Refat Çubarow tatarlaryň häzirki syýasy krizise “howp” hökmünde garaýandygyny aýdýar:

"Biziň pikirimizçe, häzir abanýan howp Ukrainanyň bölünmegine getirer. Eger-de şeýle ýagdaý birden bolaýsa, Hudaý saklasyn, onda bu ýagdaýdan birinji ejir çekjekler biz, ýagny Krym tatarlary bolarys. Birden şeýle bolaýsa, onda bu biziň hukuklarymyzyň depelendigi bolar we umumylykda bize millet hökmünde ýitip gitmek howpy abanar”.

Parahatçylyk döwürlerinde Krymda orslar bilen tatarlar ýarymadada bile ýaşardylar, hatda käwagtlar eriş-argaç bolup jebisleşerdiler. Gadymy Bakjasaraý şäherinde orsýetli turistler Krym hanynyň ýaşan ýerinde, Aleksandr Puşkiniň öz goşgusynda gürrüňini edýän suwçüwdüriminiň ýanynda biri-birlerini surata düşürýärler.

Ýolbelet turistlere “gözýaş suwçüwdirimleriniň” taryhy barada gürrüň berýär we golaýdaky metjitleriň birinden azan sesi ýaňlanyp başlaýar.
XS
SM
MD
LG