Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident zähmet ministrinden nägile


Çörek bişirip satýan aýal. Aşgabat.14-nji fewral, 2014.
Çörek bişirip satýan aýal. Aşgabat.14-nji fewral, 2014.
Türkmen döwlet habarlar gullugy, 28-nji fewralda geçirilen hökümet maslahatyna salgylanyp, 2014-nji ýylda Türkmenistanda 56,7 müň raýatyň iş bilen üpjün ediljegini habar berýär.

Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen maslahatynda ilatyň işe ýerleşdirilişiniň analizi boýunça prezidentiň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada Zähmet we ilatyň sosial goragy ministri, Türkmenistanyň pensiýa fondunyň prawleniýesiniň başlygy Bekmyrat Şamyradow hasabat bilen çykyş edipdir.

Hususan-da ministr ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda işçi güýjüne bolan zerurlyklaryň, ilaty iş bilen üpjün etmekde ulanyp boljak mümkinçilikleriň kesgitlenendigini aýtdy diýip, habarda bellenilýär.

Şeýlelikde, aýdylmagyna görä, 2014-nji ýylyň 1-nji fewralyndaky ýagdaýa laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet edaralarynda, kärhanalarynda we guramalarynda boş duran iş orunlarynyň sany 22,5 müň; ykdysadyýetiň döwlet pudagyna degişli bolmadyk kärhanalarda, şol sanda şu ýyl döredilýän täze iş orunlary hasaba alnanda, boş iş orunlarynyň sany 10,6 müňden hem kän bolar.

Mundanam başga, ministriň tassyklamagyna görä, täze gurulýan we şu ýyl ulanylmaga berilmeli uly senagat we sosial ähmiýetli obýektler tamamlanyp, işe girizilende, ýene 23,5 müňden gowrak täze iş ýeri dörediler.

Şeýlelikde, ministr B.Şamyradowyň ynandyrmagyna görä, 2014-nji ýylda Türkmenistanda 56,7 müňden gowrak adamy iş bilen üpjün etmäge mümkinçilik bar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ministriň hasabatyny diňläp, onuň işinden nägiledigini aýtdy.

Prezidentiň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda köp iş ýeri boş dur we ýurduň işe ukyply ilatynyň bir bölegi ol ýerlere işe ýerleşip bilmeýär.
XS
SM
MD
LG