Sepleriň elýeterliligi

Krym referendumy öňe süýşürildi


Krymyň Orsýete tarapdar premýer-ministri ýarymadanyň geljegini kesgitlemeli referendumyň iki aý çemesi öňe, 30-njy marta süýşürilýändigini aýtdy.

Şenbe güni Krymyň täze döredilen regional hökümetiniň birinji sessiýasynda çykyp gürlän Sergeý Aksynow bu referendumyň zerurlyk esasynda geçirilýändigini aýtdy.

Ses berýänlerden «Krym awtonom respublikasy garaşsyz döwlet we Ukrainanyň şertnamalar we ylalyşyklar easyndaky bölegi» diýen beýanat bilen ylalaşyp-ylalaşmaýandyklary soralar.

Penşenbe güni Krymyň parlamenti regional hökümeti ýatyrdy we Aksynowy premýer-ministrlige belläp, 25-nji maýda, Ukrainanyň täze liderleriniň irki prezident saýlawlaryny geçirjek gününde referendum geçirmegi karar etdi.
XS
SM
MD
LG