Sepleriň elýeterliligi

Wenezuela: Protestler dowam edýär


Wenezuelada studentleriň ýolbaşçylygyndaky protestler dowam edýär.

Soňky iki hepdede hökümete garşy demonstrasiýaçylar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda ölen adamlaryň sany 18-e ýetdi.

Paýtagt Karakasdaky protestlere we beýleki birnäçe şäherde guralan demonstrasiýalara 30 milliona golaý adam gatnaşdy. Bu protestleriň köplenç zorlukly çaknyşyklar bilen utgaşandygy aýdylýar.

Demonstrasiýaçylar haryt gytçylygyndan, işsizligiň ýokary bolmagyndan, inflýasiýadan, ýurtdaky jenaýatçylygyň dünýäde iň ýokary derejeleriň birine çykmagyndan nägile bolýarlar.

Oppozisiýa liderleri prezident Madura tarapyndan çagyrylan parahatçylyk konferensiýasyny boýkot etdiler.

Protestçiler ýurduň problemalaryny Maduradan görýärler. Ol geçen ýyl populist prezident Hugo Çaweziň ýerine prezident saýlanyldy.
XS
SM
MD
LG