Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýetdäki Sammite barman biler


ABŞ-nyň uly derejeli resmisi prezident Barak Obama, eger rus harbylary Ukraina girse, iýunda Soçide geçmeli 8-ler toparynyň sammitini boýkot edip biler diýdi.

Adynyň aýdylmazlygyny soran resmi eger rus güýçleri Ukrainanyň Krym ýarymadasyna harby interwensiýa etse, Obamany, britan, fransuz, italiýan we german liderlerini senagat taýdan ösen 8 ýurduň sammite gatnaşýan beýleki ýolbaşçylarynyň arasynda görmek kyn bolar diýdi.

Şeýle-de ol resmi Obama adminstrasiýasynyň Orsýet bilen söwda we ykdysady gatnaşyklary ýokarlandyrmak baradaky gepleşikleri dowam etmelimi ýa ýok diýen meselä gaýtadan seredýändigini aýtdy.

Bu beýanat prezident Obama Ak tamda ýörite metbugat ýygnagyny geçirip, «eger Orsýet Ukraina harby interwensiýa etse, munuň Moskwa gymmat düşjegini» aýdandan soň edildi.

Emma prezident Obama munuň Orsýete nähili gymmat düşjegini aýtmady. Ol Orsýetiň güýçleriniň Ukrainanyň içindäki hereketi baradaky habarlardan çuň alada galandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG