Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti işsizligi tankytlaýar


Türkmen döwlet habarlar gullugy 2014-nji ýylda Türkmenistanda 56,7 müň raýatyň iş bilen üpjün ediljegini habar berýär.

Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen maslahatynda ilatyň işe ýerleşdirilişiniň analizi boýunça prezidentiň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada Zähmet we ilatyň sosial goragy ministri, Türkmenistanyň pensiýa fondunyň prawleniýesiniň başlygy Bekmyrat Şamyradow hasabat bilen çykyş edipdir.

Ministr B.Şamyradowyň ynandyrmagyna görä, 2014-nji ýylda Türkmenistanda 56,7 müňden gowrak adamy iş bilen üpjün etmäge mümkinçilik bar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ministriň hasabatyny diňläp, onuň işinden nägiledigini aýtdy.

Prezidentiň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda köp iş ýeri boş dur we ýurduň işe ukyply ilatynyň bir bölegi ol ýerlere işe ýerleşip bilmeýär.
XS
SM
MD
LG