Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Krymyň talabyna üns berjegini aýdýar


Simferopolyň Lenin skwerinde rus baýdagy, 1-nji mart, 2014.

Simferopolyň Lenin skwerinde rus baýdagy, 1-nji mart, 2014.

Prezident W.Putiniň edarasy Orsýetiň Ukrainanyň Krym regionynyň Orsýete tarapdar premýer-ministri Sergeý Aksynowyň parahatçylygy gorap saklamak babatdaky goldaw talabyny eşitmezlik edip bilmejegini aýtdy.

Kreml Aksynowyň kömek baradaky haýyşyna bir sagat wagt içinde, şeýle beýanat etmek bilen jogap berdi: «Orsýet bu talaby ünssüz galdyrmaz.»

Aksynow Putinden şenbe güni irden kömek sorady. Ol mundan öň Krymdaky harbylaryň, polisiýanyň, serhet goragçylarynyň, howpsuzlyk gulluklarynyň ähli agzasynyň diňe öz buýrugyna gulak asmalydygyny yglan etdi. Şeýle-de ol bu ýagdaý bilen ylalaşmaýan komandirleriň işden çekilmelidigini, ýagny wezipelerini terk etmelidiklerini aýtdy.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk bolsa Kiýewde şenbe güni Orsýetiň Krymdaky harby hereketlerini togtatmagyna çagyrýan täze beýanat ýaýratdy.

Anna güni rus goşunlarydyr diýip oýlanylýan ýaragly adamlar Krymyň esasy uçar meýdanlaryna ýerleşdirildi. Şu arada Orsýetiň transport uçarynyň gije Kryma ýüzlerçe rus esgerini getirendigi barada habarlar ýaýrady.

Şeýle-de Ýatsenýuk Ukrainanyň Orsýetiň «prowokasiýalaryna» güýç bilen jogap bermekden ýüz öwürýändigini aýtdy.

Ýatsenýuk telewideniýede görkezilen hökümet maslahatynda çykyş edip, “Orsýetiň goşunlarynyň ukrain topragynda ýerliksiz bolmasynyň bir prowakasiýadygyny we Orsýetiň Ukraina güýç bilen jogap berdirjek bolup eden synanyşygynyň başa barmandygyny» aýtdy.

Waşingtonyň reaksiýasy

ABŞ-nyň presidenti Obama Ak tamda ýörite metbugat ýygnagyny geçirip, «eger Orsýet Ukraina harby interwensiýa etse, munuň Moskwa gymmat düşjegini» aýtdy.

"Emma muňa garamazdan, biz indi Orsýet federasiýasynyň Ukrainanyň içinde edýän harby hereketleri barada gelip gowuşýan habarlardan çün alada galýarys. Orsýetiň Ukraina bilen taryhy gatnaşyklary bar, şol sanda medeni, ykdysady gatnaşyklary we Krymda harby desgalary bar. Emma Ukrainanyň özbaşdaklygynyň we toprak bitewiliginiň islendik görnüşdäki bozulmagy örän durnuksyzlaşdyryjy bolar» diýip, Obama aýtdy.

Obama Waşingtonyň we onuň ýaranlarynyň Orsýetiň Krymdaky harby interwensiýasyna garşy nähili reaksiýa görkezjegi barada anyk bir zat aýtmady.

Emma ABŞ-nyň uly derejeli resmisi prezident Barak Obama, eger rus harbylary Ukraina girse, iýunda Soçide geçmeli 8-ler toparynyň sammitini boýkot edip biler diýdi.

Adynyň aýdylmazlygyny soran resmi eger rus güýçleri Ukrainanyň Krym ýarymadasyna harby interwensiýa etse, Obamany, britan, fransuz, italiýan we german liderlerini senagat taýdan ösen 8 ýurduň sammite gatnaşýan beýleki ýolbaşçylarynyň arasynda görmek kyn bolar diýdi.

Şeýle-de ol resmi Obama adminstrasiýasynyň Orsýet bilen söwda we ykdysady gatnaşyklary ýokarlandyrmak baradaky gepleşikleri dowam etmelimi ýa ýok diýen meselä gaýtadan seredýändigini aýtdy.

Şenbe günündäki wakalar anna güni rus goşunlarydyr diýip oýlanylýan ýaragly adamlar Krymyň esasy iki uçar meýdanynda ýerleşdirilenden soň ýaýbaňlandydy.

Şu arada Orsýetiň transport uçarynyň gije Kryma, şol sanda Sewastopaly hem içine alýan desgalara ýüzlerçe rus esgerini getirendigi barada hem habar ýaýrady.

Orsýet bilen Ukrainanyň arasyndaky bu portdaky harby baza, Orsýetiň Gara deňizdäki harby deňiz flotunyň durýan ýeri babatda uzak wagtlyk şertnamasy bar.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin anna güni rus goşunlarynyň Krymdaky hereketleriniň ählisiniň kanun çäginde, ýagny baglaşylan ylalaşyk esasynda amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Emma Ukrainanyň iş başyndaky prezidenti Oleksandr Turçynow Orsýeti Krym ýarymadasyna agressiýa etmekde aýyplady we Putiniň harby güýçlerini yzyna çykaryp, prowakasiýalaryny bes etmegini talap etdi.
XS
SM
MD
LG