Sepleriň elýeterliligi

Putin Ukrainada goşun ulanmaga rugsat alýar


Prezident Putin ukrain kärdeşi bilen, Sewastopol, 28-nji iýul, 2013.

Prezident Putin ukrain kärdeşi bilen, Sewastopol, 28-nji iýul, 2013.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin şu gün Moskwada, Federasiýa geňeşiniň adatdan daşary sessiýasynda prezident Wladimir Putiniň adyndan çykyş edip, onuň Geňeşden rus Ýaragly güýçlerini Ukrainada ulanmaga rugsat sorap ýazan ýüzlenmesini okady.

"Ukrainada emele gelen adatdan daşary ýagdaý sebäpli, rus raýatlarynyň we biziň watandaşlarymyzyň, Orsýet federasiýasynyň Ukrainanyň Krym awtonom respublikasynda halkara şertnamasy esasynda ýerleşýän harby güýçleriniň işgärleriniň janyna howp abanýandygy üçin, Orsýet federasiýasynyň Konstitusiýasynyň 1-nji bölüminiň 102-nji maddasynyň «G» bendi esasynda, bu ýurtdaky jemgyýetçilik we syýasy ýagdaý kadalaşýança, Ukrainada Orsýet federasiýasynyň Ýaragly güýçlerini ulanmaklyga Orsýet federasiýasynyň Geňeşiniň rugsat bermegini sorap ýüz tutýaryn.»

Beýanatyň yzynda Orsýetiň prezidenti W.Putiniň golunyň bardygy aýdylýar.

Orsýetiň Federasiýa geňeşiniň Goranmak we howpsuzlyk komitetiniň başlygy Wiktor Ozerow şu gün Geňeşiň Moskwada geçen adatdan daşary sessiýasynda çykyş edip, prezident W.Putine Ukrainada Orsýetiň Ýaragly güýçlerini ulanmaga rugsat bermek baradaky kararyň biragyzdan kabul edilendigini aýtdy:

"Orsýetiň Federasiýa geňeşi şeýle karar etdi: birinji – Orsýetiň prezidentine, bu ýurtdaky jemgyýetçilik we syýasy ýagdaý kadalaşýança, Orsýetiň Ýaragly güýçlerini Ukrainanyň territoriýasynda ulanmaga rugsat bermeli."

ABŞ-nyň presidenti Barak Obama anna güni Ak tamda ýörite metbugat ýygnagyny geçirip, «eger Orsýet Ukraina harby interwensiýa etse, munuň Moskwa gymmat düşjegini» aýtdy.

"Emma muňa garamazdan, biz indi Orsýet federasiýasynyň Ukrainanyň içinde edýän harby hereketleri barada gelip gowuşýan habarlardan çün alada galýarys. Orsýetiň Ukraina bilen taryhy gatnaşyklary bar, şol sanda medeni, ykdysady gatnaşyklary we Krymda harby desgalary bar. Emma Ukrainanyň özbaşdaklygynyň we toprak bitewiliginiň islendik görnüşdäki bozulmagy örän durnuksyzlaşdyryjy bolar» diýip, Obama aýtdy.

Obama Waşingtonyň we onuň ýaranlarynyň Orsýetiň Krymdaky harby interwensiýasyna garşy nähili reaksiýa görkezjegi barada anyk bir zat aýtmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG