Sepleriň elýeterliligi

Gazprom Ukraina arzan gaz bermez


Orsýet Ukraina ýeňillikli bahadan gaz bermegini togtatmagy planlaşdyrýar.

Orsýetiň Energiýa ministrligi Kreml orsýetçi prezident Wiktor Ýanukowiç bilen ylalaşylan bahadan gaz bermegi dowam etdirmekde many görmeýär, sebäbi berlen gazyň bahasy tölenmeýär diýdi.

Gazpromyň sözçüsi Sergeý Kupriýanow şenbe güni Kiýewiň arzan bahadan gaz almak şertnamasyny ýitirmegi ähtimal, çünki onuň gaz üçin bergisi çakdan aşdy diýdi.

Orsýet dekabrda Ukraina berýän gazynyň bahasyny arzanlatdy, ýagny her müň kub metr gazy 400 dollara derek 268.50 dollardan satmak ylalaşygyna geldi.

Bu Ukrainanyň gaz üçin 2009-njy ýyldan bäri tölän bahasydy. Arzan gaz bermek ylalaşygy Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen baglaşylmaly söwda şertnamasyndan ýüz öwrüp, Moskwa bilen golaýlaşmagy karar edeninden soň baglaşylypdy.

Kupriýanowyň aýtmagyna görä, Ukrainanyň häzir Orsýete 2013-nji ýylda we şu ýyl alan gazy üçin 1.55 milliard dollar bergisi bar.
XS
SM
MD
LG