Sepleriň elýeterliligi

Krym: Ruslar harby desgalary eýeleýär


Rus habar gulluklary Krymdaky öz-özüňi goraýyş güýçleri diýilýänleriň Ukrainanyň harby desgalaryny ele geçirendiklerini aýdýar.

Itar-Tass Kiýewiň syýasaty bilen ylalaşmaýan harby gullukçylaryň köpüsiniň işden çekilmek üçin arza berýändigini we käbiriniň Krymdaky öz-özüňi goraýyş güýçleriniň buýruklaryny ýerine ýetirmäge taýýardygyny habar berýär.

«Öz-özüňi goraýyş güýçleri» diýilýän aňlatma Krymda penşenbe güni peýda bolan emblemasyz esgerlere degişli.

Olar Krym ýarymadasynda ýerleşýän rus harby deňiz bazasynyň 15 müň çemesi goşunynyň agzalarydyr öýdülýär.
XS
SM
MD
LG