Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Krym Transdinestri ýatladýar»


Moldowanyň premýer-ministri Iurie Leanca orsýetçi we ýewropaçy krymlylaryň arasyndaky dartgynlyklar Modowanyň öz Transdinestr sebiti bilen uçran separatist konfliktini ýatladýar diýdi.

Leansa Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Moldowanyň Ukraina öz territorial bitewiligini saklap biler diýip umyt edýändigini aýtdy.

Ol «Ukrainada bolýan zatlar, eger ýurt separatizmiň öňüni almak üçin çalasyn hereket etmese, ýagny ýurt içinde çäre görmese, munuň tutuş sebite ýaýraýandygyny görkezýär» diýdi.

Moskwa tarapyndan goldanylýan Transdinestr 1990-nj ýylda birtaraply ýagdaýda Moldowadan garaşsyzlygyny jar etdi.

Bu iki tarap 1992-nji ýylda gysga wagtlyk urşa girdi. Transdinestriň garaşsyzlygy hiç ýurt tarapyndan ykrar edilmedi.
XS
SM
MD
LG