Sepleriň elýeterliligi

«Talyban» tussaglary ýalňyş boşadyldy


Türme goragçylaryna ýurduň Milli aňtaw gullugyndan getirilen galp hat esasynda «Talybanyň» 12 tussagy türmeden nädogry boşadyldy.

Polisiýanyň Kandahar welaýatyndaky sözçüsi Ziaul Rahman Durrani şenbe güni Kandahar türmesine Aňtaw gullugyndan 30 tussagy boşatmalydygy barada hat gelendigini aýtdy.

Ol bu tussaglaryň 18-siniň kanun esasynda boşadylmalydygyny, beýleki 12 adamyň bolsa bu sanawa düşnüksiz bir ýagdaýda goşulandygyny gürrüň berdi.

Ol şol boşadylmaly däl tussaglaryň ikisiniň gaýtadan ele salnandygyny hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG