Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hytaý: Hüjüm «separatistlerden» görülýär


Hytaý resmileri demirýol stansiýasynda bolan pyçakly hüjümde ýurduň uzak günbataryndaky Sinjiaň sebitiniň separatistlerini günälediler.

Şenbe güni ýurduň günorta-günbatar şäheri Kanmiňde gara geýnen adamlaryň topary ýolagçylara pyçakly hüjüm edip, azyndan 29 adamy öldürdiler, 130 adamy bolsa ýaraladylar.

Sinhua döwlet habar gullugy polisiýanyň güman edilýän hüjümçileriň dördüsini atyp öldürendigini aýdýar.

Häkimiýetler muny «guramaçylykly, öňünden planlaşdyrylan zorlukly terror hüjümi» hökmünde häsiýetlendirdi.

Kanmiňli resmiler biraz soň wakanyň bolan ýerinden Sinjiaň separatistlerini salgy berýän subutnamalaryň tapylandygyny aýtdy.

Sinjiaňda musulman uýgurlarynyň etniki azlygy ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG