Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýatsenýuk: "Betbagtyçylygyň gyrasynda durus»


Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk «biz betbagtçylygyň gyrasynda durus» diýdi we rus prezidenti W.Putini öz harbylaryny Ukrainadan yzyna çykarmaga çagyrdy. Ol ýekşenbe güni Kiýewde žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Orsýetiň hereketleri meniň ýurdumyň garşysyna uruş yglan edilmegini aňladýar diýdi.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň başlygy Andriý Parubiý Ukraina harby zapasdaky adamlary harby gulluga çagyrmaly diýýär.

Parubiý žurnalistlere Geňeşiň Goranmak ministrligine Ýaragly güýçlere häzirki pursatda zerur bolanlaryň ählisiniň tutuş Ukraina boýunça çagyrylmagyny buýrandygyny aýtdy.

Ol bu mobilizasiýanyň Ukrainanyň howpsuzlygyny we toprak bitewiligini üpjün etmek üçin gerekdigini hem sözüne goşdy.

Bu beýanat şenbe güni Orsýetiň Federasiýa geňeşi, rus parlamentiniň ýokarky palatasy prezident Wladimir Putine Ukrainadaky etniki ruslary we Orsýetiň Gara deňizdäki harby flotunyň düzümini goramak üçin goşun ulanmaga rugsat bereninden soň edildi.

Biraz öň Ukrainanyň goranmak ministri Ihor Tenýuk Orsýeti Ukrainanyň Krym sebitine 6 müň esger, 30 sany bronly harby maşyn ibermekde günäledi.

Ol bu işiň Ukrainadan rugsatsyz edilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG