Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liepins: "Biz olara golumyzy uzatmaly"


Waldis Liepins (sagda) Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary bilen duşyşyk mahalynda, 14-nji dekabr, 2013, Aşgabat.
Waldis Liepins (sagda) Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary bilen duşyşyk mahalynda, 14-nji dekabr, 2013, Aşgabat.
Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir golaýda Wenada iş saparynda bolup, ÝHHG-nyň Parlament assambleýasynyň Gyşky sessiýasyna gatnaşdy we Türkmenistanyň parlament saýlawlaryna çäkli gözegçilik missiýasynyň çäginde syn eden synçylar bilen duşuşyp, tapgyrlaýyn söhbetdeşlik geçirdi.

Ozal bu tapgyrdan birinji söhbeti, J.Walş bilen interwýudan bölekleri çap edipdik. Indi ÝHHG-nyň çäkli synçy missiýasynyň hatarynda Türkmenistanda bolan Waldis Liepins bilen söhbetdeşlikden bir bölegi çap edýäris.

W.Liepins Latwiýanyň parlament agzasy we Türkmenistan meselesinde Günbatardan medeni tapawutlary nazar almaly diýýär.

Azatlyk Radiosy: Siz bäş-alty sany saýlaw synçylygy missiýasynda bolan adam. Ozalky tejribeleriňiz bile deňeşdirilende, Türkmenistanda gören saýlawlaryňyzyň geçirilişi näderejede üýtgeşik boldy?

Waldis Liepins: Bu düýpden üýtgeşik boldy, sebäbi ol kadaly, saýlawa baha berilmeli synçylyk missiýasy däldi. Biziň adatça gidýän ýerlerimizde doldurmaly ýörite blankalarymyz, formalarymyz bolýar we biz olary ähli proses boýunça, edildimi ýa ýok, ýeke-eke doldurýarys. Emma bu düýpden başgaça boldy, sebäbi Türkmenistan entek bu ýoluň diňe başlanýan ýerinde duran ýurt.

Belki-de bu demokratiýa eltjek üstünlikli ýol bolar. Onsoň muny suwy barlamak üçin, «ýagdaýlar nähiliräkkä?» diýip, hakykatda baha, syn bermezden geçirilen synag, barlap görmek missiýasy diýip atlandyrsak-da bolar. Şu sebäpden hem bu beýleki synçylyk missiýalaryndan düýpli tapawutlanýar.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmennistanda birnäçe saýlaw uçastogyna barypsyňyz. Şol ýerlerde, ozal bolan ýurtlaryňyzdaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, saýlawyň geçirilişinde anyk nähili üýteşiklik gördüňiz?

Waldis Liepins: Saýlaw uçastoklary örän gowy gurnalypdyr, mysal üçin olar Orsýetdäkiden kän gowy gurnalypdyr, edil Gürjüstandaky ýaly, Ermenistandaky ýaly gowy gurnalypdyr. Biziň birnäçe ýyl mundan öň Orsýetde gören saýlaw uçastoklarymyz beýle gowy däldi. Onsoňam men ol ýerdäki aýallary gowy gördüm, olar başlaryna owadan başgap geýipdirler. Olaryň barýanlary kabul edişi örän ýakymly, örän açyk ýüzli.

Biz ähli baran ýerimizde saýlaw uçastogynyň girelgesinde güler ýüz bilen garşy alyndyk. Biziň şol töwerege baranymyzy kimdir biri derrew ýetirýän bolarly, bu bir ýakymly zat. Men aýratynam bir saýlaw uçastogyny gowy gördüm, ol ýerde komissiýa ýedi adamdan: alty aýaldan we bir erkekden ybarat eken. Onsoň men durup bilmän, olara «siz owadan bägüller» diýdim. Şonda olaryň biri «biziň aramyzda bir çigildem hem bar» diýdi. Ýagny bu meniň gözüme ilen dostanalygy, näresmiligi görkezýär. Şu nukdaýnazardan hemme zat gowudy.

Azatlyk Radiosy: Saýlawçylar, saýlawa gatnaşyk meselesi nähilidi?

Waldis Liepins: Dogrusy, şeýle gowy guramaçylyga, dostanalyga garamazdan, biziň saýlaw uçastoklaryna ses bermäge gelýän saýlawça duşmagymyz kyn boldy. Olar, ses bermäge gelýänler iki-ekedi. Biraz öňe böküp aýtsam, haçanda biz ýurduň daşary işler ministri bilen duşuşamyzda, ol öz giriş sözünde ýurduň jemgyýetiniň syýasatdan örän üzňedigini, olaryň bu zatlara kän gatnaşmaýandygyny aýtdy.

Men onuň aýdanlary bilen ylalaşman bilmeýärin, biziň saýlawça duşmamyz kyn boldy. Biz olaryň käbirini gördük, emma olar kän däldi. Emma ol «nahar wagtyna çenli ses berenleriň 75 prosent, ahyrsoňunda 90-95 prosent bolandygy baradaky maglumaty nähili düşündirdi?» diýip hem soramagyňyz mümkin. Men onuň bu baradaky düşündirişini hakykatdan hem haladym. Ol «men siziň diýýäniňize düşünýän» diýdi. Biziň onuň bilen örän gowy duşuşygymyz boldy.

Biziň gözegçilik eden saýlawymyza dolanyp gelsek, biz ol ýere saýlawa baha bermäge, kazylyk etmäge barmadyk. Biz «bu gowy» hem diýmedik, «erbet» hem diýmedik. Haçanda men gören zatlarymyz barada hasabat taýýarlanymda, özümiziň ol ýerde geçen saýlawlara baha bermeýändigimizi, ýagny kyzylyk etmeýändigimizi, diňe bolan zatlara syn edendigimizi örän açyk aýtdym.

Şol gören zatlarymyzyň biri hem saýlawçylaryň gatnaşygynyň pesligi, beýlekisi bir adamyň birnäçe adama derek ses bermegi. Men saýlaw uçastogynda bir adamyň saýlaw gapyrjagyna iki býulleten taşlanyny görüp, ondan näme üçin beýle edendigini soranymda, ol özüne iki býulleteniň berlendigini aýtdy. Ýogsa onuň elinde bir pasport bardy.

Şeýle-de biz 6, 7, 8 pasport alyp gelip, şonça býulleten alyp, şonça adama derek ses berendigini hem gördük.

Biz bu ýerde biraz yza çekilmelimikäk diýýärin, sebäbi ol başga medeniýetdi. Özem bu erkekleriň örän agdyklyk edýän medeniýeti. Şu dogry dälmi? Ýagny aýallar esasan öýdäki işler bilen meşgul bolýarlar.

Aýtjak bolýan zadym, bu ýerde medeni tapawutlar bar. Onsoň biz uzak möhletli gatnaşyklarda şu medeni tapawutlary nazara almaly. Sebäbi bu saýlaw sistemasynda hem şöhlelenýär.

Belki-de, zenanlar muny kabul etseler, olaryň adyndan başga biriniň ses bermegine göz ýumup bolar. Şunlukda bir adamyň birden köp ses bermegine hem rugsat edilip bilnermikä diýýärin. Diýmek, men günbatar standartlaryny eýermäge zerurlyk ýokmuka diýýän. Sebäbi aramyzda tapawutlar bar.

Ýene belläp geçmeli bir zat bar. Haçan-da biz missiýamyzyň çäginde işe başlanymyzda, biziň öz hususy ulagymyz, sürüjimiz we ýolbeledimiz bardy. Emma işe başlamazymyzdan öňki gije Daşary işler ministrliginiň işgäri myhmanhanamyza gelip, men siziň ýolbelediňiz bolaryn diýdi.

Ol haçan-da gije myhmanhanamyza gelip bu habary berende, bu maňa degişme ýaly bolup eşidildi. Ýöne biz irden myhmanhanadan çykanymyzda onuň ulagymyzda, sürüjimiziň gapdalyndaky oturgyçda oturandygyny gördük.

Haçan-da oňa gözüm düşende, oňa ýüzlenip. “Biz bir özbaşdak topar, eger sen bizden galmasaň, onda biz hiç ýere gitmeris” diýdim. Şonda ol, belki-de Daşary işler ministrligindendir, kimdir biri bilen ep-esli wagt gepleşdi, soňra-da biz ony myhmanhanada goýup, ýolumyzy dowam etdik.

Beýleki toparlara hem şeýle ýolbeletler berlen ekeni. Aýtjak bolýan zadym, geň ýagdaýlar hem bolup geçdi. Ýolbeletleri bolan toparlara ses sanalyşyklara syn etmäge hem rugsat edilipdir. Men bu meselede hem bir zat diýmekçi.

Bize ses sanalýan ýerlere barmaga rugsat edilmedi. Biz üç aýry-aýry ýerlerde ses sanalyşyklara syn etmäge synanyşdyk. Ses berlişigiň gutarmagyna ýarym sagat galanda biz ses sanalyşyk üçin galyp bilerismi diýip soranymyzda, ýok bolmaz, bu ýokardan berlen buruk diýdiler. Beýleki ýere baranymyzda-da, şeýle jogap berildi.

Üçünji ýere baranymyzda, men kömekçime şeýle diýdim: “Ses sanalyşyga syn edip bilerismi diýip soramagyň deregine, gel, durubereli, näme diýerlerkä?” Onsoň biz saýlaw punktlarynyň birinde eglendik. Ses berlişik gutaransoň, “Ses sanalyşyk haçan başlanar?” diýip soranymyzda, şol ýerdäki jogapkär adamlardan biri: ”Indi biz gowuja naharlanyp, dynç alyp, işe başlarys, ýadadyk, uzyn arakesmä çykýarys. Siz garaşmaň, barybir ses sanalyşyga syn edip bilmersiňiz” diýdi.

Saýlawlara gözegçilik etmek üçin baran beýleki toparlar ses sanlyşyga syn hem edipdirler. Aýtjak bolýan zadym, Staliniň bir sözi bar, ol: “Sesiň nähili berleni möhüm däl, onuň nähili sanalyşy möhüm” diýipdir. Men bu söze düzediş girizip, şeýle diýesim gelýär: ”Sesiň nähili berleni we onuň nähili sanalyşy - bularyň hiç birem möhüm däl. Iň möhümi - iş ýüzünde protokoly kimiň ýazýandygy. Bu hemme zady jemleýär. Netijede, Türkmenistanda heniz edilmeli iş gaty köp. Men bu ähli kemçilikler barada Daşary işler ministrligine maglumat berdim.

Men bu ädimiň diňe başlaňgyç bolmagyny arzuw edýärin. Biziň gözegçilik missiýa toparymyzyň agzasy James Walşiň hem aýdyşy ýaly, biziň nobatdaky gözegçi missiýamyzyň wezipesiniň-de gerimi şeýleräk bolmaly diýip çak edýärin. Sebäbi biz olary gorkuzmak islämzok. Bu zatlar bir günde bolýan zatlar däl.

Bu ýurtlar 78 ýyllap kommunistler tarapyndan dolandyryldy. Hatda Türkmenistan sowet döwründe döredildi.

Azatlyk Radiosy: Siziň Türkmenistana barmagyňyz belli bir derejede şol prosese abraý getirýär. Emma aýdanlaryňyzdan çen tutsak, saýlaw ady berlen şol prosesde göýberilen kemçilikler az däl, sorajak bolýan zadym, Türkmenistana baranyňyza degdimi?

Waldis Liepins: Elbetde degdi, oňa uzak möhletde göz ýetireris. Gysga möhlet nazara alnyp aýdylanda hem baranymyza degdi diýip bilerin. Bu prosesden soň daşary işler ministri bilen duşuşanymyzda, biz diňe üç adamdyk. Men şol gepleşikde gaty aç-açan gürrüň etdim.

Toparymyzyň ýolbaşçysy James gürrüňe gaty sypaýyçylykly başlady. Maksadymyz aragatnaşyga girmekden we özara ynam döretmekden ybaratdy. Şol gepleşikden soň men olary oktýabr aýynda Latwiýada geçiriljek saýlawlara syn etmäge çagyrdym. Olar oňa oňyn jogap berdiler. Şondan bäri men Daşary işler ministrligi bilen aragatnaşykda, ýaňy-ýakynda-da men olara şeýleräk mazmunda gysgajyk habar iberdim: “Siziň bilen duşuşanyma örän şat, sizi Latwiýada görmekden hoşal bolarys”.

Biz olara golumyzy uzatmaly, olara ähli tarapdan basyş edilýär.

Azatlyk Radiosy: Aýdýan gürrüňleriňizden we saýlawlara baha berşiňizden çen tutsak, pozisiýaňyzda belli bir derejede yumşaklyk göze ilýär. Munuň sebäbi näme?

Waldis Liepins: Maksadymyz ol däl, haçan-da olar belli bir derejede ösüş gazananda, standart proses başlanar. Men häzirki döwürde Türkmenistanyň standart prosese taýýardygyny aýdyp biljek däl. Standart prosesiň bu ýurt bilen bagly ýola goýulmagy häzirki döwürde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň öz maksadyna-da gapma-ters geler diýip oýlanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Onda şeýle bir sorag döreýär. Bu gepleşigimizden soň, men türkmen atktiwistleriniň gatnaşmagynda geçirilýän başga bir ýygnanyşyga barmakçy. Şol ýerde çykyş etjek adamlardan birem, tussaglykdaky kakasyny 10 ýyl gowrak wagtdan bäri görmedik, hatda onuň öli ýa diridigini hem bilmeýän bir türkmenistanly. Siziň bu barlyşykçy sýyasatyňyz şol adam üçin nämäni aňladyp biler?

Waldis Liepins: Biz saýlaw prosesine gözegçilik edýärdik. Onuň nähili geçirilişine, nähili tamamlanyşyna syn etdik. Gören zatlarymyzdan çen tutsak, göräýmäge, şol çärä iki partiýa gatnaşdy, hatda oňa iki partiýa diýmegem kynrak. Saýlaw uçastoklarynyň öňünde iki kandidatyň suraty asylgy durdy. Olaryň ikisi hem prezidentiň partiýasynyň öz agzalarydy. Biziň syn eden zatlarymyz şonuň ýaly ýagdaýlardan ybarat.

Näçe adamyň türmededigini barlamak ýaly zatlar, beýleki guramalaryň, toparlaryň wezipeleri. Umuman aýdylanda, ýurtda ýagdaý demokratik däl. Bu barada biz aç-açan gürrüň etdik. Şeýle-de adam hukuklary ýaly ýagdaýlar hakda gürüň etsek, Türkmenistan Demirgazyk Koreýadan soň iň göze dürtülip duran ýurt.

Men bu zatlaryň biziň raportymyza goşulmagyna zerurlyk ýokmuka diýýärin. Biz saýlaw prosesi hakda gürüň edýäris.

Azatlyk Radiosy: Saýlaw prosesine syn etmek üçin indiki gezek Türkmenistana baranyňyzda, ýagdaýyň nähili bolmagyny, nämeleriň üýtgändigini görmek isleýärsiňiz?

Waldis Liepins: Ilki bilen göz üçin edilen zatlaryň has azaldylandygyny görmek isleýärin. Men iki ýa ikiden köp hakyky manyda bäsdeş kandidatlaryň ýaryşýandygyny görmek isleýärin. Prezidentiň suratlary her ýerde göze ilýär, bu ýagdaýyň üýtgändigini görmek isleýärin, sebäbi bu ýagdaý adamlary gorkuzýar.

Şeýle-de saýlawlaryň nämedigini düşündirmek üçin, saýlaw çäresi başlamazdan ozal, halka saýlaw prosesi hemem onuň maksady hakda ýeterlik maglumat berilmegini isleýärin.

Seret, raýatlaryň 99%-i seni goldaýar, nämeden gorkýaň? Goý, şol türmedäkileri boşat, goý daşary ýurtlardakylar ýurda dolansynlar, näme şulardan gorkýaňmy? Hawa, häkimiýet gorkýar. Elbetde, bu yzygiderli bolmaly özgerişlik, men bu prosesiň başlanandygyny we dowam etdirilýändigini görmek isleýärin.
XS
SM
MD
LG