Sepleriň elýeterliligi

Orsýetliler Ukraina çozmaga garyşyk garaýar


 Peterburgda uruş protesti

Peterburgda uruş protesti

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň goşun sürmek haýbatyndan soň, Ukraina ýokary hüşgärlik ýagdaýyna getirildi. Eýsem orsýetlileriň muňa garaýşy ýa meýli nähili?

Orsýetiň iň uly iki şäherindäki basdaşlykly ýygnanyşyklar orsýetlileriň arasynda Ukraina harby interwensiýa edilmegi meselesinde görnetin bölünişik döretdi.

2-nji martda, Orsýetiň prezidenti Wladimr Putin öz ýurdunyň goňşulykdaky Ukraina goşun salmaga hakynyň bardygyny aýdanyndan bir gün soň, Moskwada we Sankt Peterburgda gurnalan demonstrasiýalaryň her biri ýüzlerçe adamy özüne çekdi.

Kanunçykaryjylar prezidentiň güýç ulanmagyna biragyzdan ygtyýarlyk berdiler.

Emma Orsýetiň ýönekeý raýatlary Ukraina bilen urşa girmek ähtimallygy meselesine bolan garaýyşlarynda iki bölünene çalym edýär.

Krizisden öň geçirilen pikir soraýyşlar orsýetlileriň aglaba köplüginiň Orsýetiň ukrain syýasatyna goşulyşmagyny goldamaýandygyny, 70 prosentden gowragynyň bolsa Orsýetiň bu ýurda harby interwensiýa etmek ähtimallygyna garşy durýandygyny görkezdi.

Emma döwlet kontrollugyndaky metbugatyň Ýewromaýdan protestçilerini Günbatar tarapyndan maliýeleşdirilen ekstremistler hökmünde suratlandyrmakda alyp barýan irginsiz tagallasy ýagdaýy üýtgedene çalym edýär.

"Telekenallar durşuna demagogiýa"

Lew Gudkow Orsýetiň garaşsyz «Newada» pikir soraýyş merkeziniň sylanýan sosiologlarynyň biri:

"Häzir bu ýerde nähilem bolsa bir deňagramly we hemme taraply maglumat bermek üçin bir çeşme hem ýok. Esasy telekenallaryň ählisi durşuna demagogiýa bilen meşgul. Men imperiýa kompleksleri, imperiýa duýgy-düşünjesiniň galyndylary ýokaryk çogup çykyp, gaýtadan huşuna getiriler öýdüp gorýaryn."

Federasiýa geňeşi 1-nji martda, rus raýatlarynyň we watandaşlaryň janyna abanýan howpa garşy durmak, Orsýetiň Krymdaky Gara deňiz flotuny goramak üçin, güýç ulanmaga ygtyýar berdi.

Orsýetçi güýçler eýýäm Krym ýarymadasyndaky esasy hökümet binalaryny we aýeroportlary basyp alyp, Sowuk uruşdan bäri iň agyr krizis diýip atlandyrylan dawanyň üstüne ýag sepdiler.

Gudkow jemgyýetçilik pikiri meselesinde gowy bilimli, uly şäherlerde ýaşaýan adamlar bilen kiçi şäherlerde, gowy internet baglanyşygynyň ýok ýerlerinde ýaşaýan adamlaryň pikir-garaýyşlarynyň arasynda uly tapawudyň boljagyny çaklaýar.

Orsýetiň oppozisiýa aktiwistleri we adam hukuklaryny goraýan toparlary Putini derhal öz ýurtlaryny Ukraina bilen urşuň erňegine alyp gelmekde günälediler.

«Seniň we meniň azatlygym üçin!"

Moskwanyň polisiýasy Goranmak ministrliginiň öňünde we Kremliň golaýyndaky Manaž skwerinde urşa garşy toplanan protestçileriň onlarçasyny tussag etdi.

Olar «Seniň we meniň azatlygym üçin» diýen şygar ýazylan plakatlary galdyrdylar.

Bu 1968-nji ýylyň awgustynda, Gyzyl meýdanda sowet goşunlarynyň Çehoslowakiýa girizilmegine garşy guralan protestde ulanylan şygardy.

Emma muňa garamazdan, hatda Moskwanyň özünde hem entek Orsýetiň imperiýa geçmişinden uzaga gidip bilmeýändigi görünýär.

Moskwaly student Saşa ýekşenbe güni, Gyzyl meýdanda urşy goldap geçirilýän demonstrasiýada «Roýters» habar gullugyna şeýle diýdi:

"Bu dogry, Orsýet Ukraina doganlyk ýurt hökmünde kömek etmeli, biz slawýan doganlar ahyryn, şeýle dälmi? Onsoň Putiniň Ukrainanyň problemalaryny Orsýetiň kömegi bilen çözmek pikiri dogry bolýar."
XS
SM
MD
LG