Sepleriň elýeterliligi

BMG-nyň sudy genosid işine garaýar


Birleşen Milletler Guramasynyň Adalat boýunça halkara sudy Horwatiýa bilen Serbiýanyň arasynda uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän genosid dawasy bilen baglylykda duşenbe güni sud diňlenişigine başlady.
1999-njy ýylda Horwatiýa 1991-1995-nji ýyllarda Zagrebde bolan garaşsyzlyk urşy bilen ilteşikli Serbiýany genosidde aýyplap, Halkara suduna beripdi. Gürrüňi edilýän uruş öňki Ýugoslawiýanyň dargamagynyň yz ýany bolupdy.
Horwatiýa genosidiň bir görnüşi diýip, Serbiýany “etniki arassalaýyşda” aýyplapdy. Şonda Serbiýa hem Zagrebiň öz territoriýasyny gaýtadan almak ugrunda 1995-nji ýylda başladan harby operasiýasynda 200 müň çemesi serbiň gaçmaga mejbur edilendigini aýdyp, garşylykly sud işini gozgapdy.
2007-nji ýylda Halkara sudy 1995-nji ýylyň ortalarynda Bosniýanyň golaýyndaky Srebrenisada genosidiň bolandygy barada karar çykarypdy. Srebrenisadaky şol wakada 8 müň töweregi musulman erkek we oglan bosniýaly serb güýçleri tarapyndan öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG