Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Internet azatlygyna çagyrylýar


Eýranyň medeniýet ministri yslam respublikasynda has köp internet azatlygynyň bolmagy üçin çagyryş etdi.

“IRNA” döwlet habar gullugy ýekşenbe güni Ali Janata salgylanyp beren maglumatynda Eýrandaky internetden peýdalanmagyň usullaryny kesgitleýän düzgünleriň häzirki döwrüň talaplaryna görä “sazlaşylmagynyň we täzelenmeginiň” zerurdygy bellenilýär.

Eýranyň medeniýet ministri Janati “Biz Yslamyň gymmatlyklaryny goramak bahanasy bilen tehnologiýanyň öňe gidişini çäklendirip bilmeris” diýdi. Şeýle-de, ol Eýranyň “özüni dünýäden izolýasiýa etmegi dowam etdirip bilmejekdigini” hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG