Sepleriň elýeterliligi

Oskar baýraklary gowşuryldy


Şu ýyl 86-njy gezek geçirilýän Oskar dabarasynda iň gowy kinofilm hökmünde “12 ýyl gulçulykda” (“12 Years a Slave”) atly taryhy eser saýlandy. Dabarada 3D görnüşinde ýazga düşürilen “Grawitasiýa” (“Gravity”) kinofilmi hem baýraklaryň uly bir bölegine eýe boldy.

Şeýle-de, “Grawitasiýa” kinofilmini surata düşüren Alfonso Kuaron ýylyň iň gowy režisýory diýen baýraga mynasyp boldy.

Oskar dabarasynda Mettýu MakKonahi “Dallas alyjylar kluby” (“The Dallas Buyers Club”) atly kinofilmde ýerine ýetiren roly üçin ýylyň iň gowy aktýory, Keýti Blanşet bolsa “Gök jasmin” (“Blue Jasmine”) atly kinofilmde ýerine ýetiren roly üçin ýylyň iň gowy aktrisasy diýen baýraklara mynasyp boldular.
XS
SM
MD
LG