Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Donetsk häkimliginiň binasy eýelendi


Ukrainada rusparaz demonstrantlar ýurduň gündogaryndaky Donetsk şäher häkimliginiň bir bölegini eýelediler.
Maglumatlara görä, demonstrantlar binanyň birinji gatyny eýeläpdirler. Mundan üç gün öň, gürrüňi edilýän binada rus baýdagy oturdyldy.
Şeýle-de, maglumatlarda 20 çemesi žurnalistiň we regional hökümet agzalarynyň binanyň içindedigi habar berilýär. Häkimligiň binasynda liftler öçürilip, basgançaklara gidýän gapylar ýapyklygyna saklanylýar.
Duşenbe güni irden rusparaz birnäçe müň demonstrant gürrüňi edilýän binanyň daşynda ýygnanyşyp, Ukrainanyň täze ýolbaşçylary tarapyndan wezipä bellenilen häkimiň işinden çetleşdirilmegini we onuň ýerine Russiýanyň tarapynda çykyş edýän häkimiň işe alynmagyny talap edipdiler.
Bu aralykda ýurduň Odesa şäherinde Russiýa tarapdary birnäçe ýüz aktiwist regional dolandyryş edaranyň binasyna girmäge synanyşdy. Emma olaryň bu synanyşygy başa barmady.
XS
SM
MD
LG