Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Ýük ulaglara hüjüm edildi


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda NATO-nyň Owganystandaky operasiýalaryna ýük daşaýan ulaglara hüjüm edildi. Resmiler sişenbe güni bolan bu wakada iki adamyň öldürilendigi barada maglumat berýärler.

Hüjüm Khyber etrabynyň Jamrud sebitinde amala aşyryldy. Ýerli häkimiýetiň ýokary derejeli resmisi Jehangir Azam Wazir ulaglara iki motosikletdäki dört söweşijiniň hüjüm edendigini aýtdy. Wakada dört sany ýük ulagyna zeper ýetdi.

Hüjümçiler wakanyň bolan ýerinden gaçmagy başardylar. Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Emma mundan öň “Talyban” hereketi Owganystana barýan ýük üpjünçiligini togtatmak üçin ulaglara hüjüm edýärdi.
XS
SM
MD
LG