Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Baş müfti saýlandy


Gyrgyzystanda baş müfti saýlanyldy. Sişenbe güni Gyrgyzystanyň Musulmanlar geňeşi Maksat Hajji Toktomuşewi gyrgyz musulmanlarynyň Ruhy direktoratynyň ýolbaşçysy hökmünde saýlady.
Toktomuşew ýanwar aýyndan bäri ýurduň baş müftüsiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işläpdri. Ozalky baş müfti Rakhmatulla-Hajji Egemberdiýew özüniň jynsy gatnaşyklary bilen bagly dörän dawadan soň wezipesinden çekilipdi.
Toktomuşew bir jynsly gatnaşyklara garşy ýanwar aýynda yglan eden fatwasy üçin, adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan tankytlanypdy.
XS
SM
MD
LG