Sepleriň elýeterliligi

Iň gymmat şäher - Singapur


Geçen ýyl boýunça ýaşamak üçin dünýäniň iň gymmat şäheri Singapur boldy.

“The Economist Intelligence Unit” ylmy-barlag merkeziniň geçiren barlagyna görä, Singapurda nyrhlaryň gymmatlamagyna ýurduň berk pul birligi, şeýle-de ulaglara we hyzmatlara artýan bahalar sebäp bolupdyr.

Dünýäniň ozalky iň gymmat şäheri Tokio bolsa, täze hasabatda altynjy orunda ýerleşdirildi. Muňa ýeniň hümmetiniň pese gaçmagynyň sebäp bolandygy aýdylýar.

Täze hasabatda ikinji iň gymmat şäher hökmünde Pariž, üçünji ýerde hem Oslo ýerleşdirildi.

Dünýäniň iň arzan şäherleriniň arasynda Pakistanyň Karaçi, Hindistanyň Nýu-Deli we Nepalyň Kathmandu şäherleri ýerleşdirildi.
XS
SM
MD
LG