Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Hökümet binalaryna hüjüm edildi


Yragyň demirgazygyndaky Samarra şäherinde harby gullukçylaryň lybasyna geýnen ýaragly adamlar şäher geňeşliginiň we sud ulgamynyň binalaryna hüjüm edip, ençeme adamy zamun aldylar.

“Reuters” habar agentliginiň resmilere we şaýatlara salgylanyp berýän maglumatyna görä, wakada 16 polisiýa işgäri we parahat ilatyň arasyndan sekiz adam ýaralanypdyr.

Polisiýanyň leýtenanty Dhafir Ahmediň beren maglumatyna görä, söweşijileriň hüjüminden öň, binalaryň öňünde janyndan geçeniň biri özüni partladypdyr. Ahmed ýaragly adamlaryň we geňeşligiň işgärleriniň heniz hem binanyň içindedigini sözüne goşdy.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda Samarrada şeýle wakalar, eýýäm, ikinji gezek ýüze çykýar.
XS
SM
MD
LG