Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bin Ladeniň körekeni sud edilýär


Nýu-Ýorkda Osama bin Ladeniň körekeni Suleýman Abu Ghaithiň üstünden sud diňlenişigi başlandy.

Abu Ghaith amerikalylary öldürmek dildüwşügine gatnaşmak we ABŞ-a edilen 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr hüjümlerinden soň “Al-Kaýda” hereketiniň metbugat-wekili hökmünde terrorizme goldaw bermekde aýyplanýar.

Abu Ghaith geçen ýyl Iordaniýada ele salnyp, ABŞ-a tabşyrylypdy. Sud diňlenişiginiň 3-5 hepde dowam etmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG