Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Ukrainada rus güýçlerine zerurlyk ýok


Putin: Ukrainada rus güýçlerine zerurlyk ýok
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:56 0:00

Putin: Ukrainada rus güýçlerine zerurlyk ýok

Prezident Wladimir Putiniň aýtmagyna görä, Moskwa Orsýetiň ýaragly güýçlerini Ukraina ibermäge zerurlyk görenok. Ýöne "iň soňky çäre" hökmünde bu mümkinçiligi aradan aýryp bolmaz.
Putin Moskwanyň daşynda öz ýaşaýan jaýynda geçirilen metbugat ýygnagynda şeýle diýdi: "Ukrainada Orsýetiň ýaragly güýçlerini ulanmak barada aýdanyňda, häzirki wagtda bular ýaly zerurlyk ýok. Ýöne şeýle mümkinçilik bar".
Krymda alnyp barlan harby operasiýalarda ors ýaragly güýçleriniň eli barmydy diýip soralanda Putin: "Ýok, olar gatnaşanoklar. Ukrainanyň regiondaky harby bazalaryny gabanlar ýerli goranmak güýçleri" diýip jogap berdi.
Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Witaliý Çurkiniň duşenbe güni aýtmagyna görä, Ukrainanyň häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezidenti Ýanukowiç öz ýurdunda tertip-düzgüni täzeden ornatmak üçin ors esgerleriniň ulanylmagy barada resmi taýdan Moskwa ýüz tutupdyr.

"Bikanun agdarylyşyk"
Prezident Putin Ukrainada hökümetiň çalşyrylmagyny bikanun we ýaragly döwlet agdarylşygy diýip atlandyrdy: "Bu bir bikanun agdarylyşyk, häkimiýetiň ýarag bilen eýelenmegi".
Ukraina barada ilkinji gezek jemgyýetçilige beýanat beren Putin: "Täze saýlawlar geçýänça, Ukrainanyň ýeke-täk kanuny prezidenti Wiktor Ýanukowiç" diýdi. Ýöne ol Ýanukowiçiň "syýasy geljeginiň" ýokdugyny, Orsýetiň oňa janyny goramak üçin pena berendigini-de sözüniň üstüne goşdy.
Putin ukrain halkynyň özgerişligi isleýändigine özüniň düşünýändigini belledi. Ýöne onuň "bikanun hereket" diýip atlandyrýany, onuň pikirine görä, goldanylmaly zat däl.

"Terrorçylykly şertler"
Ors prezidentiniň bellemegine görä, täze saýlawlardan bärde Ukraina bilen kadaly gatnaşygy dowam etdirip bolmaz. Ýöne Orsýet Ukrainada "häzirki terrorçylykly şertlerde" geçirilen saýlawlaryň netijesini-de ykrar etmez.
Kiýewiň täze ýolbaşçylary prezidentlik saýlawyny 25-nji maýda geçirmeli etdiler.
Orsýet sişenbe güni özüniň ukrain serhediniň golaýynda türgenleşik geçirýän 150 müň çemesi esgeriniň kazarmalara dolanmagyny buýurdy. Putiniň aýtmagyna görä bu türgenleşikler köp wagt mundan ozal planlaşdyrylypdyr. Olaryň Ukrainadaky häzirki ýagdaý bilen ilteşigi ýok.
Putin şeýle hem Krymy Orsýete birikdirmek barada planyň ýokdugyny aýtdy, öz geljegi barada krymlylaryň özi karar kabul etmeli. .
Ors prezidentiniň beýanaty Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň Ukrainanyň täze ýolbaşçylary bilen pikir alyşmak üçin Kiýewe gelmegine garaşylýan wagta gabat gelýär.
Sişenbe güni Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier ors kärdeşi Sergeý Lawrow bilen Ženewada duşuşanyndan soň ukrain krizisi barada "görnüp duran çözgüt ýok" diýdi.
XS
SM
MD
LG