Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk TW

Türkmenlerden ýeke-täk aýal deputat


Owganystanda ýurduň welaýat Geňeşliklerine dalaş edýän deputatlar saýlaw kampaniýalaryna başladylar. Owganystandaky etniki türkmenlerden ýeke-täk bir aýal maşgala hökmünde dalaş edýän Piruza Kuraýşy hem demirgazykday Jöwzijan weýatynyň Geňeşligine kandidat bolup hasaba durdy. Ol mundan ozal hem welaýat Geňeşligine iki gezek deputat saýlanypdy. Kuraýşy öz saýlaw kampaniýasy dogrusynda Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy üçin ýörite interwýu berdi.

XS
SM
MD
LG