Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri bilen Lawrow duşuşýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (çepde) we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow BMG-niň Ženewada geçýän ýygnagynda. Noýabr, 2013 ý.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (çepde) we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow BMG-niň Ženewada geçýän ýygnagynda. Noýabr, 2013 ý.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry bilen Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow çarşenbe güni Parižde duşuşýarlar. Gepleşigiň esasy temasy Ukrainada dowam edýän dartgynlylykdan ybarat bolar.

Orsýetiň daşary işler ministri Lawrow bu gepleşik başlamazdan ozal Ispaniýanyň paýtagty Mardridde eden çykyşynda Ukrainada dowam edýän häzirki dartgynlyga, Günbataryň Kiýewde hökümete garşy çykyş edýän protestçileri goldamagynyň sebäp bolandygyny öňe sürdi.

"Men problemanyň esasy sebäbini Ukrainada ýaragly toparlar tarapyndan ýurduň kanunlaryna çapraz gelýän görnüşde gurnalan protestler bilen bagly halkara jemgyýetçiligi hökmünde belli bir pozisiýany eýeläp bilmänligimizde görýärin. Hatda şol toparlara goldaw berildi" diýip, Lawrow öz çykyşynda aýtdy.

Ol aýratynam Krymda ýerleşýän harbylary yzyna, ýagny bazalaryna çagyryp bilmejegini, sebäbi olaryň Orsýetiň regulýar harbylary däl-de, eýse olaryň öz-özlerini goramak maksady bilen döredilen ýerli güýçlerdigini öňe sürdi.

Sözüni dowam etdirip, Sergeý Lawrow ýene-de şeýle diýdi: "Biz olara buýruk beremzok. Olar biziň tabşyryklarymyza tabyn däl. Orsýetiň Gara deňizdäki bazasynda ýerleşýän harbylar rugsat edilen çäklerinde galmaklaryny dowam etdirýärler. Elbetde, Gara deňizde ýerleşýän şol bazanyň howpsuzlygyny goramak üçin goşmaça çäreler görüldi".

Orsýetiň daşary işler ministri goşmaça halkara harby güýçleriň çagyrylyp-çagyrylmazlyk meselesiniň Krymyň hemem Ukrainanyň resmilerine baglydygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Ukrainanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn berjaý edýän Andreý Deşytsa bolsa Kiýewiň bu dartgynlygyň parahatçylykly ýagdaýda çözülmeginiň tarapdarydygyny nygtady.

Sanksiýalar

Fransiýanyň daşary işler ministri Lawrant Fabios bolsa Kerry bilen Lawrowyň arasynda bolmagyna garaşylýan duşuşykdan ozal beren interwýularynyň birinde häzirki dartgynlylyk köşeşdirilmese, Orsýetiň basym çynlakaý sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagynyň mümkindigini duýdurdy.

"Eger-de dartgynlylyk köşeşdirilmese, onda ertirden beýläk wiza meselesinde we dowam edýän özara ykdysady gatnaşyklarda, şeýle-de käbir orsýet oligarhlarynyň mümkinçiliklerini çäklendirýän anyk sanksiýalar güýje girer" diýip, Fransiýanyň daşary işler ministri mälim etdi.

Şol bir wagtyň özünde-de Ýewropa Komissiýasy çarşenbe güni Ukraina üçin geljekki bäş ýyla niýetlenip taýýarlanylan 11 milliard ýewrolyk ykdysady goldaw paktyny yglan etdi.

Ukrainadan gowuşýan maglumatlardan çen tutulsa, Orsýetiň harby güýçleri Ukrainanyň Krymda ýerleşýän raketa hüjümlerinden goranyş harby bazalarynyň käbirini basyp alypdyrlar. Orsýetiň Interfaks habar agentligi azyndan iki sany şeýle bazanyň rus güýçleriniň eline geçendigini habar berýär.

Donetskide bolsa Orsýeti goldaýan protestçiler tarapyndan basylyp alnan regional hökümet binalarynyň Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan yzyna alnandygy we binanyň depesinde Ukrainanyň baýdagynyň dikilendigi baradaky maglumatlar gelip gowuşýar.

XS
SM
MD
LG