Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Partlamalarda azyndan 14 adam öldi


Yragyň paýtagty Bagdatda aglabasy şaýy musulmanlardan ybarat territoriýa edilen birnäçe bombaly hüjümde azyndan 14 adam öldi we başga-da onlarçasy ýaralandy.

Bombalar Bagdadyň demirgazygyndaky Şaab regionyndaky açyk bazarda, günbatardaky Zafaraniýah etrabynda, gündogardaky Sadr şäherinde we Bagdadyň üýşmeleňli Karrada söwda sebitinde partladyldy.

Yrakda sünni jyhadçylar şaýy musulmanlaryny dinden çykan diýip häsiýetlendirip, ýurduň şaýy köplüginiň agzalaryny ýygy-ýygydan nyşana alýarlar.

Habarçylaryň berýän maglumatyna görä, Yrakdaky ýowuzlyklar ýurtdaky sünni arap azlygynyň arasyndaky närazylyk we goňşy Siriýadaky raýat urşy tarapyndan dolandyrylýar.

“AFP” fransuz habar gullugynyň maglumatynda şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri Yrakdaky ýowuzlyklarda takmynan 1 müň 800 adamyň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG