Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-ÝB: Russiýa täze kanun taslamasyna garaýar


Russiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasy - Federasiýa geňeşiniň Russiýada iş alyp barýan Birleşen Ştatlaryň we Ýewropanyň kompaniýalaryna degişli emlägi, gymmatbaha kagyzlary we bank hasaplaryny ele geçirmek, konfiskasiýa etmäge mümkinçilik berýän kanun taslamasynyň üstünde işleýändigi habar berilýär.

Federasiýa geňeşiniň Konstitusion kanunçylyk komitetiniň başlygy Andreý Klişas çarşenbe güni “RIA Nowosti” habar gullugyna beren interwýusynda gürrüňi edilýän kanun kabul edilse, bu “bize ediljek islendik hüjümden özygtyýarlylygymyzy goramak üçin” Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine we hökümete şert döreder diýdi.

Klişas: “Häzirki wagt rus kanun çykaryjylary şeýle kanunyň Russiýanyň konstitusiýasyny bozup-bozmaýandygyny öwrenýärler” diýdi.

Bu maglumatlar Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Ukrainanyň Krym sebitine de fakto okkupasiýa eden Russiýa döwletine garşy sanksiýalary girizmek ähtimallygyny gözden geçirýän mahaly yglan edildi.
XS
SM
MD
LG