Sepleriň elýeterliligi

Üç ýurt Katardan ilçisini çykardy


Saud Arabystany, Birleşen Arap emirlikleri we Bahreýn Katardaky ilçilerini yzyna çagyrdylar. Çarşenbe güni bu üç ýurt bilelikde beýanat ýaýratdy.

Beýanatda Katar Pars aýlagyndaky arap ýurtlarynyň arasyndaky howpsuzlyk ylalaşygyny ýerine ýetirmezlikde aýyplanýar. Bu ylalaşykda gürrüňi edilýän ýurtlaryň birek-bireginiň içerki işlerine goşulyşmazlyga çagyryş edilýär.

Katardan gürrüňi edilýän ýurtlaryň ilçileriniň bir wagtda çykarylmagy Pars aýlagyndaky hyzmatdaşlyk geňeşiniň taryhynda “görülip-eşidilmedik” syýasy ýazgarma diýlip häsiýetlendirildi. Gürrüňi edilýän geňeşiň düzümine alty ýurt girýär.
XS
SM
MD
LG