Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýatsenýuk Kryma has köp awtonomiýa berlip bilner diýdi


Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Krym ýurduň bir bölegi hökmünde galmaly, ýöne gündogar sebite has köp ýerli ygtyýarlyklar berlip bilner diýdi.

Ýatsenýuk bu barada öz wezipesine başlaly bäri “Associated Press” habar gullugyna beren ilkinji interwýusynda belledi. Ol “Krym respublikasynyň goşmaça nähili awtonomiýany alyp biljekdigini öwrenmek üçin” ýörite işçi toparynyň döredilip bilinjekdigini aýtdy.

Şeýle-de, Ýatsenýuk Ukraina maliýe kömeginiň garşylygynda ýurda Birleşen Ştatlaryň raketa goranyş enjamlarynyň girizilmegi barada Ukrainanyň ABŞ bilen gepleşikleri geçirýändigi hakynda çykan habarlary hem ret etdi.

Ol: “Biz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti bilen ýurda islendik harby güýçleri girizmek barada gepleşikler geçirmeýäris” diýdi.
XS
SM
MD
LG