Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň "parad" goşuny


Türkmenistanyň esgerleri harby paradyň dowamynda nyzamly ýöräp barýarlar.

Türkmenistanyň esgerleri harby paradyň dowamynda nyzamly ýöräp barýarlar.

Türkmenistanyň harby pudagynyň esasy maksady bu ýurdy goramak däl-de, eýse peşeneli harby paradlary geçirmek diýip, Halkara parahatçylyk boýunça Stokgolmyň barlag institutynda (SIPRI) çap bolan ylmy işde bellenilýär.

“Merkezi Aziýanyň harby we howpsuzlyk güýçlerine daşarky goldaw” atly işde Merkezi Aziýa döwletleriniň her biriniň harby pudagyna syn edilip, onda türkmen harby güýçlerine regionda iň gowşaklaryň biri hökmünde baha berilýändligi nygtalýar.

Gürrüňi gidýän ylmy işde Türkmenistanyň ýagdaýynyň sebitdäki beýleki döwletler bilen deňäniňde has “gözçykgynçdygy”, ýagny ýurduň baýlygyna garamazdan, bu ýurtda harby pudagy ösdürmek üçin ýeterlik derejede adam güýjüniň ýokdugy aýdylýar.

Bu ýagdaý, esasan, ýurduň häkimiýetleriniň harbylaryň türgenleşigine we degişli enjamlaryň gözegçiligine pul serişdelerini harç etmän, oňa derek diňe täze tehnikany satyn alyp oňýandyklary bilen düşündirilýär. Kämil harby kadrlaryň ýetmezçilik etmegi hem harby enjamlaryň doly güýjünde ulanylmazlygyna getirýär. Harby ulgamda parahorluk, agalyk (dedowşina) ýaly ýagdaýlar hem giňden ýaýran.

Türkmen hökümeti ýurduň içindäki dissidentleri basyp ýatyrmak üçin aglaba ünsüni milli howpsuzlyk gulluklaryna gönükdirip, munuň netijesinde hem ýurduň daşarky howpdan goranmak ukyplylygyny ünsden düşürdi.

Sanlar

Ylmy işde getirilen sanlardan çen tutulsa, Türkmenistanyň harby güýçleriniň sany 20,000– 30,000 adam bolup, olaryň 18,000-24,000-i gury ýer, 3,000-4,000-i harby-howa we 1,000-e golaýy hem harby-deňiz güýçleriniň hatarynda gulluk edýär.

Türkmenistanyň harby komandowaniýesi hem gowşak. Köp halatlarda harby baştutanlar şahsy tanyşlyk üsti bilen ýa-da para-peşgeş esasynda ýokary wezipelere bellenilýärler. Netijede howply ýagdaý ýüze çykanda, ofiserleriň nähili ezberlik bilen harby bölümleri dolandyryp biljekdigi hem sorag döredýär.

Türkmenistanyň harby bazasyny, edil beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinde bolşy ýaly, aglaba sowet döwründen galan harby tehnika düzýär.

Türkmenistan 2010-njy ýylda ýurduň harby bazasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýörite bäş ýyllyk maksatnama kabul etdi. Şol dokumentiň teksti çap edlip köpçülige ýetirilmese-de, gowuşýan maglumatlardan çen tutulsa, ol harby pudagyň mazmunyny, düzümini üýtgetmek bilen meşgullanman, diňe täze enjamlary almaga gönükdirilen.

Ylmy işde bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň harby ulgamynda mazmun taýdan düýpli reformalar geçirilmese, ol diňe harby paradlarda kuwwatly bir güýç bolup görner, hakykatda bolsa ýurduň goranyş ukyby ugrunda uly özgerişler bolmaz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG