Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Kompýuteriň syçanjyklary
Kompýuteriň syçanjyklary
Internetdäki sosial media türkmen ýaşlarynyň arasynda gitdigiçe has köp meşhurlyga eýe bolýar. Internetdäki sosial ulgamlar soňky döwürde diňe bir täze dostlary tapmak, kimdir biri bilen dostlaşmak, birek-birek bilen aragatnaşyk saklamak üçin däl-de, eýse dürli meseleler boýunça maslahatlaşmak, başgalaryň pikirini bilmek üçin hem köp ulanylýar.
Sosial ulgamlar häzirki wagtda dürli ýurtlarda ýaşap, okap we işläp ýören türkmen ýaşlaryny birleşdirýär, jebisleşdirýär. Internetde sosial ulgamlary ulanyjylar bu ulgamy hatda söwda etmek, dürli harytlary satyn almak üçin, belli bir maglumatlary paýlaşmak üçin ýa-da bir mesele boýunça ulgamdaky dostlaryndan maslahat soramak üçin hem barha we barha köp peýdalanýarlar.
“Ertir.com”
“Ertir.com”-da Guga88 atly agzanyň gozgan temasy hem şuňa çalym edýär. Ýagny, Guga88 atly agzanyň 3-nji martda gozgan “Biri size köp mukdarda pul ynansa, näme ederdiňiz?” diýen temasyna sosial ulgamdaky agzalar dürli teswirleri ýazypdyrlar.
Bu tema 4-nji marta çenli 1022 gezek okalypdyr we oňa 116 sany teswir ýazylypdyr.

Ýigrimi dört sapar halanan bu temada şeýle diýilýär: “Salam, hemmäňiz saglykmy? Gepi köpeltmän, tema geçeýin. Ine, sizde belli bir hünär ýok diýeli, onda-da size biri köp mukdarda pul ynandy we şol puldan özüň bir netije çykarmaly we şol puly köp wagtyň dowamynda gaýdyp bermeli. Eger sizde-de şeýle ýagdaý gabat gelse, siz şol pullary nämä harçlardyňyz we näme ederdiňiz?”
Bu soraga sosial ulgamyň ençeme agzasy dürli garaýyşlary ýazypdyrlar. Meselem, Alonso atly agza: “Men-ä eşik magazinini ýa-da gurluşyk magazinini açardym” diýip, teswir galdyrsa, käbir agzalar Türkmenistanda eýýäm beýle dükanlaryň köpdügini we o diýen girdeji getirmejekdigini aýdypdyrlar.
Alonso atly agzanyň tersine sosial ulgamyň Adios Amios atly agzasy bolsa: “Aşgabatdaky kazino işleýärmi? Eger işleýän bolsa, şol pullary alyp, ruletka oýnamaly. 30 sfirada 200 $-dan goýup ýuwaşjadan ýygnabermeli” diýip, maslahat ýazypdyr.
Umuman, sosial ulgamyň agzalarynyň käbirleri tikinçilik öýüni açardym diýseler, käbirleri hem ekologiýa peýdaly bolar ýaly ulanyşdan galan tigirleri gaýtadan peýdalanmagyň usullaryny oýlap tapardym diýip, öz pikirlerini ýazypdyrlar.
“Programmacy.com”
Häzir bolsa türkmenleriň sosial ulgamlarynyň arasyna täze goşulan bir saýt baradaky maglumaty siziň bilen paýlaşmakçy. Ýakynda gözüme ilen bu saýtyň ady “Programmacy.com”. Bu saýta agza bolmak isleýänler “Programmacy.com”-yň baş sahypasyndaky “Täze hasap aç” bölümine girip, bu ulgama agza bolýarlar.
“Programmacy.com”-yň beýleki sosial ulgamlardan tapawutly tarapy, bu ulgamda esasan tehniki serişdelere, kompýuter enjamlaryna degişli temalaryň gozgalyp, sosial ulgamyň beýleki agzalary bilen maslahatlaşylmagydyr.
Şeýle temalardan käbirlerini belläp geçsek, sosial ulgamyň Nazar atly agzasynyň “Feýsbukdaky ýaly çaty nähili ýasamaly?” diýen temasynda “Feýsbuk we Gmaildaky ýaly gyrada çykýan çaty nähili ýasamalyka? Şony bilýänler maslahat bersin” diýip, öz haýyşyny galdyrypdyr. Ondan başga-da Myrat atly agzanyň “Programmany goramagyň ýollary” atly temasynda hem programmany goramagyň usullary barada maslahat berilýär.
“VKontakte”
“VKontakte” sosial ulgamynda bolsa “Çyraçylar” atly topar tarapyndan paýlaşylan suratlar ulgamyň agzalarynyň arasynda dürli disskussiýalaryň döremegine sebäp bolupdyr. Paýlaşylan suratlaryň ikisinde hem türkmen gyzynyň kalýan, ýagny suw çilimini çekip oturyşy görünýär.
28-nji fewralda paýlaşylan bu suratlara 4-nji marta çenli 100 teswir ýazylypdyr. Şeýle-de bu suratlar sosial ulgamyň agzalary tarapyndan 155 sapar halanyp, 16 gezek hem gaýtadan çap edilipdir. Bu suratlaryň aşagyna ýazylan teswirleriň birinde Şöhrat Paýtykow atly agza “Adam bolmaýarow zat görmedik-laý, açlar-laý. Abraýdan gaçyşyp, şular ýaly binamyslykdan biz abraýdan gaçýas” diýip, teswir ýazypdyr.
Umuman, bu suratyň aşagynda galdyrylan teswirleriň aglabasy “suratdaky ýaly gyzlar hem-de olaryň özlerini alyp baryşlary türkmenleri abraýdan gaçyrýar” diýen görnüşde teswir ýazypdyrlar. Sosial ulgamyň Arslan Baýramow atly agzasy bolsa “Her kimiň şahsy durmuşy, şeýle gyzlar bolmasa, içgysgynç bolardy” diýip, bu meselede öz tapawutly pikirini bildiripdir.
XS
SM
MD
LG