Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet migrantlardan raýat edinýär


Orsýetde işleýän gyrgyz migrantynyň maşgalasy, 16-njy ýanwar, 2014.
Orsýetde işleýän gyrgyz migrantynyň maşgalasy, 16-njy ýanwar, 2014.
Orsýet soňky günler öňki Sowet Soýuzynyň düzümine giren ýurtlaryň migantlaryny öz raýatlygyna kabul etmek çärelerine aýratyn üns berip başlady.

Munuň üçin Orsyýetde kanun taslamasy taýýarlanylýar. Bu kanun esasynda öňki Sowet Soýuzyndan bolan raýatlaryň Orsýetiň graždanlygyna girmek, rus pasportyny almak şertleri has ýeňilleşdiriler.

Orsýetli resmileriň aýtmagyna görä, Orsýetiň raýatlygyna girmek üçin isleg bildirýänleriň rus dilini bilmegi hem-de Orsyýetde ýakyn kowum-garyndaşlarynyň we tanyş-bilşiniň bolmagy ýeterlik bolar. Häzir bu ugurda ýörite bir komissiýa döredilýär.

Orsýet Dumasynyň başlygynyň birinji orunbasary Aleksandr Žukow migrantlary raýatlyga kabul etmek baradaky kanunyň çalt güýje giriziljekdigini aýtdy.

"Raýatlary goramak bahanasy"

Ukrainalylaryň köpüsine Orsyýetiň raýatlygy hiç bir kynçylyksyz berilýär. Bilermenleriň pikirine görä, Orsýet öz raýatlaryny goramagy bahana edinip, Kryma goşun ýollady.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Merkezi Aziýa boýunça Moskwadaky bölüminiň müdiri Andreý Ragoziniň aýtmagyna görä, geçen iki aýyň dowamynda Ukrainadan Orsýete ýedi ýüz müň adam gelipdir. Şolardan 134 müň adam Orsýetiň raýatlygyny almaga isleg bildiripdir.

Şu ýylyň dowamynda köp sanly ukrainalynyň Orsýetiň raýatlygyny almaga isleg bildirip, haýyşnama bilen ýüz tutmagyna garaşylýar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň işçi migrantlar bileleşiginiň Moskwadaky jogapkär wekiliniň sözüne görä, Orsýet şu ýyl daşary ýurtlulary öz raýatlygyna kabul etmek boýunça belli bir çäkdäki sanawy – kwotany yglan etdi.

Ýagny bu ýyl 95 müň daşary ýurtlynyň raýatlyga kabul ediljekdigi aýdylýar. Geçen ýyl bolsa 105 müň adam Orsýetiň raýatlygyna alypdy.

Azatlyk radiosynyň Täjik gullugynyň mälim etmegine görä, Orsýetiň raýatlygyna kabul edilen täjik migrantlarynyň anyk sany belli däl. Ýöne Täjigistanyň Bosgunlar boýunça edarasy Orsýetde işleýän täjigistanlylaryň sany dört ýüz müňe golaý bardyr diýip çak edýär.

Işsizlik zerarly sergezdanlyk

Merkezi Aziýa ýurtlaryndanam Orsýetiň raýatlygyna girmäge isleg bildirýänleriň sanynyň artmagy mümkin. Emma öňki Sowet Soýuzyna girýän respublikalaryň milli liderleri “eger Orsýet Ukraina garşy şeýle çäre görse, ýeri gelende bize-de gowulyk etmez” diýip howatyr edýärler.

Täjikleriň Moskwadaky Medeni merkeziniň başlygy Hurşida Döwrandohtuň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynda işsizlik artýar.

“Şu ýagdaý sebäpli olar iş gözläp Orsyýete gelýär. Olar öz ýurtlarynda gowy gazanç edip bilmeýärler. Netijede, Orsýete migrant bolmaga mejbur bolýarlar” diýip, ol aýdýar.

Andreý Ragoziniň sözüne görä, Orsýetiň ilaty garraýar. Öz ykdysadyýetini ösdürmek üçin, Orsýete işçi güýji zerur. Orsýetde ilat sany artman, belki, kemelýär. Şonuň üçin Orsýet daşary ýurtlulary raýatlyga kabul etmek işini ýeňilleşdirýär.

Orsyýet hususan-da Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletlerden migrantlary kabul etmegi planlaşdyrýar diýip, synçylar aýdýarlar.

Şamerdanguly Myrady, Kabul.
XS
SM
MD
LG