Sepleriň elýeterliligi

Pussy Riotyň iki agzasyna hüjüm edildi


Russiýanyň “Pussy Riot” pank toparynyň iki agzasy Nadežda Tolokonnikowa we Mariýa Alýohina nämälim adamlaryň bir topary tarapyndan penşenbe güni hüjüm edildi.

Aklawçy Ýewgeniý Gubiniň sözlerine görä, waka Nižniý Nowgorod şäherindäki “McDonald’s” merkezinde bolupdyr.

Hüjümçiler iki zenana demirden ýasalan enjamlary, iýmit önümlerini zyňyp, olaryň üstüne zelýonka suwuklygyny hem döküpdirler. “Zelýonka” teniňe degen ýagdaýda, onuň ýaşyl reňki belli bir möhletiň dowamynda deriňden aýrylmaýar.

Wakada Alýohinanyň maňlaýy kesilip, zenanlaryň ikisi hem gözlerine ýeten şikes zerarly ejir çekýärler. Aklawçy Gubin waka barada polisiýa resmi şikaýat edilendigini aýdýar.

Tolokonnikowa, Alýohina we “Pussy Riot” toparynyň beýleki agzalary Soçi şäherinde geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlary döwründe prezident Wladimir Putini tankyt edip çykyş eden mahaly, olara kazaklar tarapyndan hem hüjüm edilipdi.
XS
SM
MD
LG