Sepleriň elýeterliligi

NATO duşuşyklary soňa goýdy


NATO-nyň başlygy Anders Fog Rasmussen ýaranlygyň Russiýanyň resmileri bilen geçirmegi planlaşdyran duşuşyklaryny soňa goýýandygyny we NATO-nyň Russiýa bilen ähli hyzmatdaşlyklaryny gözden geçirjekdigini aýtdy.
Rasmusseniň bu beýanaty Ukrainadaky ýagdaýlar, hususanda Krym ýarymadasyna rus goşunlarynyň girizilmegi sebäpli Günbatar bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlylyk dowam edýän mahaly çarşenbe güni ýaýradyldy.
Rasmussen NATO-nyň russiýaly kärdeşleri bilen agza derejesinde duşuşyklary “häzirlikçe” geçirmejekdigini, munuň deregine ol ýaranlygyň Ukrainyň raýat we harby liderleri bilen özara gatnaşyklaryny güýçlendirjekdigini aýtdy.
Rasmussen Russiýa bilen hyzmatdaşlygy soňa goýmak baradaky karar Moskwa bilen bilelikde Siriýanyň himiki ýaraglaryny ýok etmek hakyndaky plany hem öz içine alýar diýdi.
XS
SM
MD
LG