Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa: S.Kaddafi ekstradisiýa edildi


Liwiýanyň soňky lideri Muammar Kaddafiniň ogly Nigeriýadan ekstradisiýa edildi we Liwiýa alnyp baryldy.

Demirgazyk Afrika ýurdy Saadi Kaddafini birnäçe wagtdan bäri Nigeriýadan ekstradisiýa etmäge synanyşýardy. Liwiýada 2011-nji ýylda bolan tolgunşyklarda Kaddafi häkimiýetden çetleşdirilenden soň, Saadi Kaddafi ýurduň günbatar goňşusy Nigeriýa gaçyp gidipdi. 2011-nji ýyldaky gozgalaň NATO-nyň goldawynda amala aşyrylypdy.

Käri boýunça telekeçi we professional futbolçy Saadi, Kaddafiniň iň meşhur ogly Saif al-Yslam ýaly Halkara jenaýat sudy tarapyndan gözlenilmeýär.

Ýöne Liwiýa Saadini Liwiýanyň futbol federasiýasyna başlyklyk eden döwri emlägi bikanun ele geçirmek we adamlary ýarag bilen gorkuzmak diýilýän aýyplamalar bilen sud etmek isleýär.
XS
SM
MD
LG