Sepleriň elýeterliligi

Karzaýyň agasy dalaş etmeýär


Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaýyň agasy ýurtda 5-nji aprelde geçiriljek prezidentlik saýlawlaryndan dalaşgärligini yzyna çekýär. Bu barada owgan metbugaty habar berýär.

Maglumatlara görä, Kaýum Karzaý ýurduň öňki daşary işler ministri Zalmaý Rasula goldaw bermek barada karara gelipdir.

Rasulyň saýlaw kampaniýasynyň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatyna görä, bu baradaky resmi maglumatyň penşenbe güni çykmagyna garaşylýar.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý halk köpçüliginiň öňünde hiç bir kandidaty goldap çykyş etmedi. Ol saýlawlara dalaş etmezligi üçin agasyna çagyryş edendigini aýdyp, halk köpçüligine agasynyň kandidaturasyny goldamaýandygyny mälim edipdi.
Umuman, Owganystanda saýlawlara dalaş etmek üçin jemi 11 dalaşgär resmi taýdan hasaba alyndy.
XS
SM
MD
LG