Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krym: Parlament Orsýete goşulmaly diýýär


Krym: Parlament Orsýete goşulmaly diýýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:55 0:00

Krym: Parlament Orsýete goşulmaly diýýär

Ukrainanyň Krym regionynyň parlamenti penşenbe güni, ÝB-niň liderleriniň Krymyň rus güýçleri tarapyndan basylyp alynmagyna garşy görülmeli çäreleri maslahatlaşýan wagtynda, Orsýete goşulmaklygyň haýryna ses berdi.

Krymyň birinji wise-premýeri Rustam Temirgaliýew bu mesele baradaky referendumyň 16-njy martda, ozalky yglan edilen wagtyndan hem ir geçiriljekdigini aýtdy.

100 orunly parlament 78 deputatyň goldamagynda, sekiz deputatyň saklanmagynda, Orsýete goşulmak barada referendum geçirilmegi üçin ses berdi.

Krymdaky orsýetçi häkimiýetler başda bu territoriýanyň geljegi baradaky referendumyň 25-nji maýda, Ukrainada irki prezident saýlawlarynyň geçiriljek gününde boljagyny aýdypdylar. Soň bu referendumyň öňe, 30-njy marta süýşürilýändigi habar berildi.

Ukrainanyň ykdysadyýet ministri Pawlo Şeremeta bu referendumyň konstitusiýa laýyk gelmeýändigini aýdyp, ony «bikanun» diýip atlandyrdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina, şol sanda Krym parlamentiniň ýüzlenmesi baradaky meseläni Howpsuzlyk geňeşiniň penşenbe güni geçirilen duşuşygynda ara alyp maslahatlaşandygy habar berildi.

Krymyň orsýetçi ýolbaşçylary Ukrainanyň täze merkezi ýolbaşçylaryny ykrar etmediler we bu sebitiň premýer-ministrini we parlament spikerini tussag etmek barada karar çykardylar.

Krymda rus dilinde gepleýänler köplük we bu ýerde Orsýetiň Gara deňiz floty ýerleşýär.

Wideo: Krymyň tatar lideri referendumy boýkot edýär

Krymyň tatar lideri referendumy boýkot edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:56 0:00

Ýewropadadky krizis

Şu arada ÝB liderleri Brýusselde duşuşyp, bu krizis babatdaky umumy pozisiýalary barada maslahat edýärler.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Brýusseldäki sammitden öň çykyp gürläp, bu krizisiň diňe Ukraina däl, tutuş Ýewropa täsir ýetirjegini aýtdy:

"Bu diňe ukrain-rus krizisi däl, bu Ýewropadaky krizis. Onsoň biz bilelikde, ylalaşykly hereket edýäris hem munuň biziň bilelikdäki jogapkärçiligimizdigine düşünýäris."

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Ýewropa Bileleşigi Orsýete onuň edýän hereketleriniň ters netijeleriniň boljakdygy barada açyk yşarat göndermelidir diýdi:

"Birinjiden, biz Orsýet bilen Ukrainanyň bir-biri bilen gürleşmegini gazanmaly. Ikinjiden, biz şu ýerde, Ýewropa Bileleşiginde özümiziň ukrain halkyna olaryň mätäç wagtynda kömek etjekdigimizi açyk görkezmeli. Üçünjiden, bu has-da möhüm, biz Orsýetiň hökümetine bolan zatlaryň kabul ederlik däldigi, onuň ters netijeleriniň boljakdygy we soňra mundan hem aňry hereket edilendigi, olaryň bolsa has köp tersin netijelere getirjekdigi barada berk yşarat ibermeli.»

Bu sammit ÝB gyrakladylan prezident Wiktor Ýanukowiçiň we ýene 17 resminiň, şol sanda ozalky premýer-ministr Mikola Azarowyň aktiwlerini, emläklerini doňdurandan soň geçirilýär.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri penşenbe güni öz rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen Rimde ikinji tapgyr gepleşik geçirýär.

XS
SM
MD
LG