Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baý ýurtdaky iş garyplygy


Aşgabatly işçiler
Aşgabatly işçiler
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň golaýda bolan mejlisinde ýurtda boş duran iş orunlarynyň kesgitlenendigi, şeýle-de täze ulanylmaga beriljek desgalarda müňläp täze iş ýeriniň açyljakdygy barada maglumat berildi.

Mundan başga, prezident G.Berdimuhamedow raýatlaryň boş duran iş orunlaryna hem ýerleşip bilmeýändigini aýtdy we bu ugurda degişli çäreleriň görülmegini tabşyrdy.

Azatlyk Radiosyna gelip gowuşýan habarlarda Türkmenistanda işsizligiň uly meselä öwrülendigi, işe girmek üçin köplenç para bermeli bolýandygy aýdylýar. Mundan başga, öz işlerini açyp, telekeçilik bilen meşgul bolýan, söwda edýän raýatlaryň hem emeli kynçylyklara sezewar edilýändigi barada habarlar gelýär.

Ikinji tarapdan, resmi Aşgabat ýurtdaky işsizligiň derejesi, iş gözläp daşary ýurtlara giden adamlaryň sany we bu meseläni çözmek üçin işlenip düzülen ýörite programma barada metbugatda maglumat bermeýär.

Eýsem Türkmenistanda ilaty iş bilen üpjün etmekde gyssagly nämeler edilmeli we baý ýurtdaky iş garyplygyny aradan aýyrmaga nämeler böwet bolýar?

Azatlyk radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu tema bagyşlaýar. Pikirleriňize garaşýarys.
XS
SM
MD
LG