Sepleriň elýeterliligi

Orazow: "Aýdylýan ösüş durmuşda görünmeýär"


Türkmen raýatlary

Türkmen raýatlary

Türkmen hökümetiniň penşenbe güni geçirilen maslahatynda şu ýylyň iki aýynda edilen işleriň jemine seredildi. Şol ýerde berlen maglumata görä, makroykdysady görkezijiler tutuşlygyna jemi içerki önümiň ösüşinde durnukly ilerlemäni tassyklaýar.

Mysal üçin, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda ýanwar-fewral aýlarynda önüm öndürmegiň ösüşi 113,5 prosent bolupdyr.

Umuman alnanda bolsa, ykdysadyýetiň ähli pudagynda ýokary önümçilik görkezijileriniň gazanylandygy aýdylýar. Aýdaly, bölekleýin söwdanyň möçberi 18,3 prosent ösüpdir. Daşarky söwda hem ösüpdir.

Mälim bolşy ýaly, resmi Türkmenistan şunuň ýaly ösüş sanlaryny her iki-üç aýdan diýen ýaly çap edýär. Şonuň bilen birlikde, ýurtda bar diýilýän depginli ykdysady ösüşe garamazdan, adamlaryň ortaça aýlygy, girdejileri beýle bir köpelmeýän ýaly.

Daşary ýurtlara iş gözläp gidýän türkmen raýatlarynyň käbiri Azatlyk radiosyna ýurtda iş ýerleriniň juda azdygyny we iş tapan ýagdaýyňda hem aýlyklaryň maşgala eklemek üçin ýeterlik bolmaýandygyny aýdýar.

Eýsem resmi Aşgabadyň ýygy-ýygydan yglan edýän ösüş sanlaryna nähili düşünmeli? Olar real ýagdaýa näderejede gabat gelýär?

Azatlyk Radiosy bu soraglary Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň ozalky başlygy, häzir Şwesiýada ýaşaýan ykdysatçy Hudaýberdi Orazowa berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG