Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Söweşijilere duýduryş berildi


Pakistanyň goranmak ministry söweşijiler ok atyşygy bes etmek hakyndaky ylalaşygy bozsalar we olar bilen parahatçylyk gepleşikleri başa barmasa, ýurduň armiýasy pakistanly “Talyban” söweşijilerine garşy hüjümi başlatmaga taýýar diýdi.

“Reuters” habar gullugyna beren interwýusynda Hawaja Asif “Talybana” garşy operasiýalaryň şu aýda Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky tire-taýpalar regionynda başlap biljekdigi barada duýduryş berdi. Gürrüňi edilýän bu region Pakistanyň Owganystan bilen araçäginde ýerleşýär.

Asif “Talyban” hereketi bilen ok atyşlyk “doly” bes edilmese, söweşijiler bilen gepleşikleri geçirmegiň mümkin däldigini aýtdy.

Pakistanyň hökümeti bilen pakistanly “Talyban” hereketiniň arasynda ýakynda başlan gepleşikler ýurtda birnäçe ýyl bäri dowam edýän urşuň soňuna ýetmek maksady bilen başladylypdy. Şol uruşlarda müňlerçe adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG