Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana konsorsiumy suda berýär


Gazagystan Hazar deňzindäki Kaşagan nebit ýatagyny özleşdirýän köpmilletli konsorsiumdan 737 million amerikan dollaryny talap edip, suda berýär. Ol bu konsorsiumyň alyp barýan işiniň daşky-gurşawa zyýan ýetirýändigini öňe sürýär.

Anna güni Gazagystanyň Daşky-gurşawy goramak ministrligi “North Caspian Operating Company”, ýagny “Demirgazyk Hazar dolandyryjy kompaniýasyna” garşy gönükdirilen bu aýyplamalaryň ýurduň günbataryndaky Atyrau sebitiniň resmileri tarapyndan bildirilendigini aýdýar. Gürrüňi edilýän bu sebitde Kaşagan nebit ýatagy ýerleşýär.

Kaşaganda nebiti özleşdirmek işleri geçen ýylyň sentýabr aýynda başlapdy. Ýöne onuň turbalaryndan nebitiň syzýandygy anyklanylandan soň, onuň işi sanlyja hepdäniň dowamynda togtadylypdy.

Kaşagan soňky 35 ýylyň dowamynda gözläp tapylan dünýäniň iň uly nebit ýatagydyr.
XS
SM
MD
LG