Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Krym meselesi gürleşildi


Ak tam prezident Barak Obamanyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Ukrainadaky krizis barada gürleşendigini habar berýär.
Ak tamyň berýän maglumatyna görä, söhbetdeşlikde Obama Putine Russiýanyň Krym babatda alyp barýan çäresiniň Ukrainanyň özbaşdaklygyny bozandygyny we munuň Waşingtonyň Russiýa we Kremliň harby taýdan goşulyşmagynyň tarapdary ukrain resmilerine garşy sanksiýalary girizmegine sebäp bolandygyny aýdypdyr.
Obama amerikan resmileriniň öňe sürýän diplomatiki bir “çykalgasynyň” şertlerini hem agzap geçdi. Bu ylalaşyga görä, Russiýa Krymdaky bazasyny yzyna çykarar, bu hem halkara synçylaryň sebitdäki etniki ruslaryň hukuklarynyň sylanýandygyna kepil geçmäge we Ukraina bilen gönümel gepleşikleri ýola goýmaga rugsat berer.
XS
SM
MD
LG