Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Krym referendumy kabul edilmez


Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Krymyň Russiýa goşulmak barada geçirjek “referendumynyň” netijelerini dünýäniň ösen ýurtlary kabul etmez diýdi.
Anna güni Kiýewde eden çykyşynda Ýatsenýuk Russiýanyň Krymdan öz goşunyny çykarmalydygyny we separatistlere berýän goldawyny togtatmalydygyny aýtdy.
Ukrainanyň Krym regionynyň parlamenti penşenbe güni Russiýa goşulmak üçin ses berip, bu baradaky referendumy 16-njy martda geçirmegi meýilleşdirdi.
Moskwada bolsa, anna güni Russiýanyň parlamentiniň iki öýi hem Krymda geçiriljek referenduma goldaw berýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG