Sepleriň elýeterliligi

Ýatsenýuk: Referendumyň netijeleri ykrar edilmez


Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk. 6-njy mart, 2014 ý.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk. 6-njy mart, 2014 ý.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Krymda "Russiýanyň düzümine goşulmak boýunça referendum" diýlip atlandyrylýan çäreleri dünýäniň ykrar etmejekdigini nygtady.

Şol bir wagtda-da rus häkimiýetleri referendum boýunça edilýän işleri doly goldaýarlar.

Ýatsenýugyň anna güni eden çykyşyndan bir gün öň Krymyň parlamenti, sebitiň Russiýanyň düzümine goşulmagy boýunça ses berişlik geçirip, 16-njy marty referendum güni diýip yglan etdi.

Ýatsenýuk öz çykyşynda bu barada şeýle diýdi: “Siwilizlenen dünýäde hiç kim ýerli häkimiýetler diýlip atlndyrylýan bu adamlaryň geçirýän "referendumynyň" netijelerini ykrar etmez”.

Gepleşiklere taýýar, emma...

Ýatsenýuk Ukrainanyň Moskwa bilen gepleşiklere taýýardygyny, emma munuň üçin Russiýanyň öz goşunlaryny Krymdan yzyna çekmelidigini, şeýle-de “separatistler we terroristler” diýip atlandyran adamlaryny goldamagy bes etmelidigini aýtdy.

Ýatsenýuk: “Biz rus hökümeti bilen gepleşik geçirmäge taýýardygymyzy açyk aýan etdik. Emma munuň durmuşa geçirilmegi üçin biziň rus goňşularymyz, biziň rus hyzmatdaşlarymyz bolmaly. Birinjiden, olar öz goşunlaryny yza çekmeli. Ikinjiden, olar özleriniň gol goýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnamalarynyň şertlerini berjaý etmeli. Üçünjiden, olar Krym awtonom respublikasyndaky separatistleri we terroristleri goldamagyny bes etmeli” diýdi.

Ýatsenýuk Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedewe özara ikinji telefon gepleşigini geçirmek üçin ýüz tutandygyny aýtdy. Olaryň arasyndaky ilkinji telefon söhbetdeşligi şenbe güni bolupdy.

Moskwa

Anna güni Moskwada rus parlamentiniň iki öýi hem Krym parlamentiniň lideri Wladimir Konstantinow bilen duşuşdy.

Gepleşiklerden soň Döwlet Dumasynyň metbugat wekili Sergeý Naryşkin parlamentiň aşaky öýüniň krymlylaryň “taryhy saýlamasy” diýip häsiýetlendiren ädimine hormat goýýandygyny aýtdy.

Ol: “Biz bu kararlaryň Ukrainada dowam edýän ýiti syýasy krizisiň fonunda kabul edilýändigine doly düşünýäris. Şol bir wagtda bular raýatlaryň hak-hukuklaryny we azatlyklaryny, galyberse-de adamlaryň janyny saklap galmak tagallalary bilen utgaşykly” diýip tekrarlady.

Parlamentiň ýokarky öýi – Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenko hem çykyş edip, Krym parlamentiniň regionyň geljegi bilen baglylykda plebissiti, ýagny ählihalk pikir soralyşygyny geçirmäge “hakynyň” bardygyny aýtdy. Şeýle-de Matwiýenko Krymyň Russiýa birikmek kararynyň Geňeş tarapyndan goldanylýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Telefon gürrüňdeşlik

Penşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama telefonda ors prezidenti Wladimir Putin bilen bir sagada golaý gürleşdi.

Ak tamyň berýän maglumatyna görä, Obama Russiýanyň Krymdaky hereketleriniň Ukrainanyň özygtyýarlylygyny bozýandygyny, şeýle-de Waşingtonyň Russiýa garşy sanksiýalary girizmegine sebäp boljakdygyny aýdypdyr.

Kreml hem beýanat ýaýradyp, onda gepleşikleriň dowamynda “häzirki krizis dogursynda taraplaryň tapawutly garaýyşlary we bahalary orta çykdy” diýip nygatdy. Şol bir wagtda-da beýanatda Putiniň Obama ýüzlenip, Ukraina sebäpli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň bozulmaly däldigini aýdandygy hem habar berildi.

XS
SM
MD
LG