Sepleriň elýeterliligi

Orsýet - Ukraina: Goşun güýji deňmi?


Russiýanyň T-90 kysymly tanklary

Russiýanyň T-90 kysymly tanklary

Orsýet bilen Ukrainanyň arasyndaky krizis mundan beýläk beterleşse, onda ol iki döwletiň arasynda uruş turmagyna getirer. Bu iki döwletiň harby kuwwatyny näderejede biri-biri bilen deňeşdirip bolar?

Iki tarapyň harby kuwwaty deňmi?

Esgerleriň sany boýunça Orsýet Ukrainadan dört esse güýçli, tanklarynyň sany boýunça iki esse güýçli. Orsýetiň howa hüjümlerini amala aşyrmak üçin niýetlenen harby uçarlarynyň sany Ukrainanyňkydan alty esse köp. Agzalýan iki döwletiň, goranyş ulgamyna her ýyl sarp edýän pulunyň möçberi deňeşdirlende, olaryň arasyndaky ýer bilen gök ýaly tapawut göze ilýär. Orsýet öz goranyş ulgamyny ösdürmek üçin her ýyl 78 milliard dollar möçberinde pul serişdesini sarp edýär. Ukrainanyň goranyş býujeti bolsa 1.6 milliard dollara barabar.

Ýagdaý şeýle-de bolsa, Orsýetiň Ukrainanyň garşysyna öz ähli harbylaryny sürmek mümkinçiligi ýok. Ol öz goşunynyň diňe belli bir bölegini Ukrainanyň garşysyna gönükdirip biler. Sebäbi Moskwanyň öz Demirgazyk Kawkazdaky ýa-da bolmasa Hytaý bilen araçäkdäki harby bölümlerini yza çekmäge milt etmez.

Nýu-Ýork uniwersitetiniň ýanyndaky Halkara gatnaşyklar merkeziniň Moskwada ýaşaýan regional eksperti Mark Galeottiniň çaklamalaryna görä Orsýet islendik söweş üçin Ukrainanyň harby mümkinçiliklerinden iki esse güýçli goranyş ulgamyny urşa ugrukdyryp biler. Bu ýagdaýdan çen tutsaň, iki ýurduň arasynda “ýeňşi” öňünden kepillendirjek aşa uly tapawut ýok.

Iki tarapyň operatiw kuwwaty nähili?

2008-nji ýylda bolan Gürjüstan bilen aradaky urşdan soň Orsýet, öz goranyş ulgamynyň kuwwatynyň ähmiýetine has gowy göz ýetirip, öz harby pudagyna öňküsinden 30 göterim köp pul serişdesini sarp edip başlady. Orsýet özüniň harby pudagyny öz daşary syýasatynyň ötgür ýaragy hökmünde ulanýar.

Onuň tersine, harby pudagyň kuwwatyna kän bir üns bermän, Kiýew soňky ýyllarda oňa býujetden has az pul sarp edýärdi. Ukrainanyň “men” diýen harby birikmeleri NATO-nyň hatarynda halkara parahatçylyk operasiýalaryna gatnaşýar. Ýöne şolardan galanynyň maddy binýady bolmalysyndan has gowşak. Harby tehnika barada aýdylanda, ýigrimi ýyl mundan ozal Sowet Soýuzy darganda, Ukrainanyň paýyna näme düşen bolsa ol häzirem şol harby tehnikasy bilen oňşup ýör.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän garaşsyz “Çaknyşyklaryň barlagy we analizi” merkezinden Kristofer Langton ukrain harby pudagyny has hem professionallaşdyrmagy maksat edinýän käbir reformalaryň tamamlanmazlygy onuň kuwwatyna zyýan ýetirdi diýýär: “Soňky ýyllarda Ukrainanyň harby pudagyny ösdürmek üçin birnäçe reformalar edildi. Ýöne harby tehnikanyň we harby gullukçylaryň maliýe üpjünçiliginiň ýeterliksizligi bu meselede bökdençlik döretdi. Şeýle-de olar çagyryş boýunça ýöredilýän harby gullugy ýatyrjak boldular ýöne bu başa barmady. Elbetde, bu ýagdaý ukrain goşunynyň tiz herekete gelmek mümkinçiligini gowşadýar.”

Ozal 245 müň bolan ukrain harby gullukçylarynyň sany soňky bäş ýylyň dowamynda 184 müňe düşdi. Ýöne bu sanyň 60 göterimini çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerler düzýär.

Eger-de Orsýet Ukraina çozan ýagdaýynda ukrain armiýasy ikä bölünermi?

Uruş başlasa, ukrain armiýasy ikä bölünermi diýen sorag, esasan, ene dili rus dili bolan ukrainalylaryň arasynda has köp gürrüň edilýär. Olar aýratynam ýurduň gündogar welaýatlarynda agdyklyk edýärler we Orsýet bilen ysnyşykly gatnaşyklara ýakynlygy bilen tanalýarlar. Ynha, şol armiýanyň ikä bölünmek ýagdaýy regional bölünişige getirip biler diýen çaklamalar bar.

Regional bölünişik barada aýdylanda, başga-da göz öňünde tutulmaly käbir faktorlar bar. Ukrainanyň ýokary harby ýolbaşçylary, esasan, orsýetli kärdeşleri bilen bile sowet goşunynda gulluk eden adamlardyr. Haçan-da Ukrainanyň deňiz goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine täze bellenen harby ýolbaşçy, 2-nji martda Krymda orslaryň tarapyna geçendigini yglan edende, adamlarda şeýle sorag döräp başlady, ýagny ukrain goşunynda ruslaryň tarapyna geçjekler häzir köpelermi?

Galeotti şeýle diýýär: “Gözbaşyny sowet döwründen alyp gaýdýan ukrain harby pudagy ösdürildi. Ukrain goşunynda ‘bir jan-bir ten’ diýen düşünje bar”.

Uruş nähili görnüşde bolar?

Moskwa nähili strategiýany saýlap alarka diýen sorag bar. Belki, Orsýet 1968-nji ýylda Çehoslowakiýany basyp alşy ýaly tutuş Ukrainany eýelemäge synanyşar. Ýa-da bolmasa-da ol Krymda durmuşa geçiren üstünlikli taktikasyny amala aşyrjak bolar. Ol Krymy ele almak üçin regiondaky “özbaşdak gorag güýçlerini” goldap, olaryň hatarlaryna öz hamana “näbelli” harby güýçlerini goşdy.

Langtonyň bellemegine görä, eger Orsýet Ukraina garşy doly göwrümli hüjümi amala aşyrsa, onda ol munuň aşagyndan çykyp bilmez. Sebäbi eger şeýle edilse, onda bu hemmelere äşgär bolan “iki döwletiň arasyndaky urşy” aňladýar: “Iki döwletiň güýjüniň deň däldigine garamazdan, eger Orsýet Ukraina doly masştably hüjüm etse, onda bu uruş ukrain teritoriýasynda bolup geçer we olar hem uruşmaly bolarlar. Bu örän gandöküşikli uruş bolar. Şeýle bolsa, bu orslar üçin kabul ederliksiz bolar. Turjagy ahmal bolan söweşiň soňunyň “partizançylyk uruş strategiýasyna” ýazmagy mümkin”.

Moskwanyň gös-göni, doly masştably urşa derek Ukrainanyň regionalaryny bir-birden aýratynlykda ele almagy has makul hasaplamagy mümkin. Aýratynam halky aglaba rus dilinde gepleýän gündogar ukrainalylaryň üstünden öz gözegçiligini amala aşyrmak oňa aňsat bolar. Bu strategiýa Kryma gezek gelende, Orsýetiň derdine ýarady we Kiýewi agyr güne saldy.

Her niçik hem bolsa, Ukraina Orsýetiň öz üstüne gönümel hüjümine taýýar däl. Ukrainanyň Sowet Soýuzyndan miras alan harby bazalarynyň infrastrukturasy gündogardan çozjak duşmanyň garşysyna däl-de, eýse Günbatardan çozjak duşmana garşy işlenilip düzülen.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG