Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gullukdan soň...


Awtobusyň içinde gullukçy esgerler we gyzlar
Awtobusyň içinde gullukçy esgerler we gyzlar
5-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlan ýaşlary Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinden boşatmak we gulluk ýaşyna ýeten Türkmenistanyň raýatlaryny bolsa harby gulluga çagyrmak” baradaky permana gol goýdy.

Bu permana laýyklykda çagyryş boýunça harby gulluk möhletini tamamlan gullukçylar 2014-nji ýylyň aprel-iýun aýynda Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinden we beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşadylar, diýip türkmen metbugaty habar berýär.

Harby borjuny ýerine ýetirip, gullugyny tamamlan ýaşlaryň öňünde indi işe ýerleşmek meselesi durýar. Eýsem, olaryň iş bilen üpjünçilik meselesinde ýurtda nähili mümkinçilikler bar? Harby gullugyny tamamlan ýaşlar bu döwürde siz nähili tejribeleri başdan geçiripdiňiz?

Täze Tolkunyň nobatdaky gepleşiginde şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz.

Isleseňiz, öz pikiriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Biz bilen aragatnaşyk gurmak isleseňiz, hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Özümiz siziň bilen habarlaşarys.
XS
SM
MD
LG